Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HUSUSY PUDAGY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM UGRY

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreler alnyp barylýar. Şunda häzirki döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalary ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy düzümler hem ýokary netijeleri gazanýarlar.

Eziz Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak arkaly halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Hususyýetçi daýhanlar tarapyndan ýurdumyzda oba hojalygyny ylmyň gazananlary esasynda alyp barmak, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak babatynda uly tagallalar edilýär. Daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere, mülkdarlara döwlet tarapyndan bu ugurda zerur ýeňillikler döredilýär. Hususyýetçi daýhanlar hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek arkaly oba hojalygynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan goldamaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ekerançylara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli esasda karzlar berilýär. Häzirki döwürde gyzgalaňly dowam edýän meýdan işlerinde şol tehnikalardyr enjamlar netijeli peýdalanylyp, geljekki hasylyň düýbi tutulýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalygynda we azyk senagatynda amala aşyrylýan taslamalar milli ykdysadyýetimiziň azyk üpjünçilik pudagyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Hususy işewürligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerinde önümçilik kärhanalary döredilip, iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle önümçilik toplumlarynyň täzeleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Iýmlik ekinleri ekmekden, iýmlik goşundylary öndürmekden we almakdan başlap, eti, süýdi, ýarym taýýar azyk önümlerini satmak üçin taýýar görnüşe getirmäge çenli ähli önümçilik dolanyşygynyň bolmagy bu toplumlaryň aýratynlygydyr. Şunuň bilen bir hatarda, ýyladyşhana hojalyklary azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Olar ýylyň ähli paslynda ilaty ter gök önümler bilen üpjün edip, goşmaça iş orunlaryny döredýär. Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri içerki bazary pomidoryň, hyýaryň we beýleki gök önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün edýärler. Ak bazarlarymyzda ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply milli haryt nyşanly azyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmegi türkmen telekeçileriniň gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr. 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalygy pudagy içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, maksatnamalaýyn esasda hil taýdan täze derejelere çykýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde, hususan-da, oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň oňyn netijesi bolup durýar. Hususyýetçi daýhanlar we obasenagat toplumynda iş alyp barýan telekeçiler özlerine tutanýerli zähmet çekip, belent sepgitlere ýetmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Goý, halkymyzyň bagtyýarlygyny ähli zatlardan ileri tutýan kalby sahawatly ynsanperwer Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin! 

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.