Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARAHATÇYLYK WE YNAM - GELJEGE ÝOL

Gurmak-gurplulyk, öndürmek-ösüş diýen ata-babalarymyzyň döwletlilik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýän häzirki täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz  dünýäde  syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde  uly abraýdan peýdalanýar, halkymyzyň halkara jemgyýetçiligindäki mertebesi barha beýgelýär. Häzirki döwürde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň döwrebap ösüşi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň maksatlaryndan, tutumly başlangyçlaryndan ugur alýar. Milli demokratiýanyň ýoly bilen röwşen geljegi nazarlaýan döwletimizde amala aşyrylýan işler jemgyýetimiziň gülläp ösmegine, tutuş halkymyzyň, häzirki hem-de geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmäge gönükdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» özboluşly ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içerki we daşarky syýasatynyň bähbitli gatnaşyklarynyň binýady bolar. Bu başlangyç diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem bütin dünýäniň parahatçylykly ösüşine, agzybirligine we ynanyşmagyna uly goşant goşmak maksady bilen öňe sürüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň merkezi bolup çykyş edýär.Parahatçylyk we ynanyşmak, adamzat durmuşynyň iň möhüm esaslarynyň biridir. Bu iki düşünje birek-birege baglanşykly bolup, jemgyýetiň ösüşiniň we durnuklylygynyň binýadyny düzýär. Parahatçylyk we ynamly durmuş adamzat taryhynda hemişe bagtly we bagtyýar ýaşaýşyň nyşany bolupdyr.

Parahatçylyk, jemgyýetiň agzybirligini we ösüşini üpjün edýän esasy şertleriň biridir.Parahatçylykly jemgyýetlerde adamlar özlerini erkin duýýarlar, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürýärler we geljegi hakda aladalanmazdan  ýaşaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, parahatçylyk adamzadyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.Türkmenistanyň parahatçylyk syýasaty bütin dünýäde ýokary baha mynasyp bolýar. Biziň ýurdumyz goňşy döwletler bilen dostlukly we parahatçylykly gatnaşyk saklamagy, halkara meselelerinde durnukly çözgütler hödürlemegi bilen tanalýar.

Parahatçylyk ynsanlaryň abadançylykda we bagtyýarlykda ýaşamagynyň esasy şerti bolup durýar. Her bir adam, jemgyýet we döwlet parahatçylygyň gymmatlygyny bilip, ony saklamak we ösdürmek üçin jogapkärdir. Şeýlelikde, dünýäde durnukly ösüşi we umumy abadançylygy gazanmak üçin parahatçylyk medeniýetine aýratyn üns bermeli.

Ynanyşmak bolsa birek-birege we jemgyýete bolan hormatyň hem-de söýgüniň nyşanydyr.Ynanyşmaýan jemgyýetlerde ösüşe ýol açmak kyn bolýar.Ynanyşmak adamlar arasynda ynamly gatnaşygy döredip, olaryň bilelikde işlemegine mümkinçilik berýär.Türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynda ynanyşmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Il içinde aýdylýan «Ynam-adam üçin iň iň uly baýlyk» diýen söz bu düşünjäniň ähmiýetini açyk beýan edýär.

Mälim bolşy ýaly, döwletimizde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumadamzat aňyýetiniň ösüşine täsir edýän ruhy galkynyşy kemala getirip, parahatçylyk, ynanyşmak ýoly bilen dost-doganlyk köprülerini berkitmekde, köňülleriň birligini gazanmakda, ählumumy maksatlary bitewüleşdirmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Agzybirlikden döwlet tapýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ynanyşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, ynsany mertebelemek ýaly milli ýörelgelerine esaslanýan häsiýetleri döwletimiziň nusgalyk syýasatlarynda mynasyp orun alýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň hem-de başlangyçlaryň halkara guramalar hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň uly ykrarnama eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip, bir buýsançly hakykaty ýatlasak, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip kabul edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa-parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi parahatçylyk medeniýetine uly ähmiýet berýän döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge döredijilikli çemeleşýändiginiň güwäsi boldy.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diňe bir belli bir döwrüň şygary däl, eýsem ähli halklaryň we ýurtlaryň uzak möhletleýin maksadydyr. Parahat dünýäni gurmak, her bir adamyň we jemgyýetiň tagallasyndan başlanýar. Biziň hemmämiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň gymmatyny aňlap, ony gündelik durmuşa geçirmäge borçludyrys, öňe sürlen bu başlangyjy, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bagtly we parahat gelejegi üçin möhümdir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak diňe bir häzirki döwrüň däl eýsem geljek nesilleriň ösüşiniň we abadançylygynyň kepilidir. Şonuň üçin ýurtlaryň we jemgyýetleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylykly we ynamly gatnaşyklary saklamak, ösüşiniň möhüm şerti hökmünde seredilmeli. Dünýäde parahatçylyk gazanmak hemmämiziň jogapkärçiligimizdir. Bu, diňe bir döwlet Liderleriniň tagallasy bilen çäklenmän, her bir adamyň goşandyna baglydyr.

Halkymyzyň ganyna siňen parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini baýdak edinýän Hormatly Prezidentimiz hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz daşary syýasat ugrunda-da  ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidini nazara alýar. Hemişe ählumumy kadalar bilen milli kada-kanunlary sazlaşykly ýola goýmagyň tarapdarlary hökmünde çykyş edýärler.

Bilşimiz ýaly, ähli Milletleriň bileleşikli hereketlerini kadalaşdyrýan, düzgünleşdirýän ýokary gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan döwletimiziň bu gurama bilen birnäçe ýyllar bäri alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygy hem biziň öz döwletimize abraý getirýär, hem-de döwletleri, milletleri birleşdirmek, ylalaşdyrmak babatynda türkmen döwletiniň mynasyp paýyny aýdyň ýüze çykarýar. Bizem, hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzybir işgärleri şeýle-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, bitaraplygyň hem-de Garaşsyzlygyň ähmiýetini giňden wagyz etmekde mynasyp goşandymyzy goşarys. Şu pursatdan peýdalanyp,

Dünýäniň abadançylygynyň, halklaryň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.