Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýa tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Bitarap döwletimize bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli, oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
1995-nji ýylyň iýulynda Kartahenada (Kolumbiýa) düzüminde 113 döwlet bolan Goşulmazlyk hereketiniň maslahaty bolup geçdi. Şonda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup (114-nji döwlet bolup) bu herekete goşuldy. Goşulmazlyk hereketi hem Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet derejesini almaga hyjuwyny biragyzdan goldady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada ýörite Kararnama kabul etdi. Köp döwletleriň işeňňir gatnaşmagynda taýýarlanan möhüm resminama BMG-nyň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi.
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde iki gezek ykrar edilmegi, her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji hem-de şu ýylyň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de 30-a golaý Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, oňa goldaw bermek işinde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigini tassyklaýar. Ýurdumyz bilen bu iri halkara guramanyň hyzmatdaşlygynda dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy üpjün etmek meselesi aýratyn orun tutýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär.
Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Agahan Gurdow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň başlygy.