Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

    Berkarar...

  • ВОСТРЕБОВАННАЯ ПРОДУКЦИЯ ПРЕДПРИЯТИЯ «ALTYN GALA GURLUŞYK»

    Повышенным...

  • ПОД МУДРЫМ РУКОВОДСТВОМ К ПРОЦВЕТАНИЮ ОТЧИЗНЫ

    В...

  • TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

    Berkarar...

  • BEHIŞDI BEDEWLER – MILLI BUÝSANJYMYZ

    Türkmen...

  • Далее

TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursaty taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. Her bir günüň toýa, her bir pursatyň ýakymly wakalara utgaşýan zamanynda ýaşamagyň lezzeti barada söz açanymyzda, eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň ajaýyp goýnuna dolýarsyň.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 

Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny  üstümizdäki ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. 

2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Milletler Bileleşiginiň Türkmenistanyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge goşýan goşandyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän daşary syýasatyna ýokary baha berýändiginiň nyşanydyr. 

Türkmenistan 2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.

Parahat, asuda asmanyň astynda ýaşatmak ugrunda ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulbäbek NURGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.