Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

    Berkarar...

  • ВОСТРЕБОВАННАЯ ПРОДУКЦИЯ ПРЕДПРИЯТИЯ «ALTYN GALA GURLUŞYK»

    Повышенным...

  • ПОД МУДРЫМ РУКОВОДСТВОМ К ПРОЦВЕТАНИЮ ОТЧИЗНЫ

    В...

  • TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

    Berkarar...

  • BEHIŞDI BEDEWLER – MILLI BUÝSANJYMYZ

    Türkmen...

  • Далее

BEHIŞDI BEDEWLER – MILLI BUÝSANJYMYZ

Türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa örän uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlarynyň täze taryhy eýýamda barha rowaçlanmagy il-halkymyzyň alkyşlaryny artdyrýar. Täze taryhy eýýamda Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmakda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen atçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. 

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran resmi sapary taryhy ähmiýetli pursatlara baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Monako Knýazlygy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Monako Knýazlygy bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. Bu gysga döwrüň içinde Monako Knýazlygy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha işjeňleşdirildi we ösdürildi. 

Monako Knaýzlygynyň ýolbaşçylarynyň sirk sungatyna aýratyn üns bermegi netijesinde bu ýerde her ýylda sirk sungaty boýunça birnäçe halkara festiwallary geçirilýär. Sirk sungaty boýunça Monte-Karloda geçirilen 47-nji sirk festiwalynyň Milli Liderimiziň bu ýurda amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilmegi, dünýäniň 150-den gowrak döwletiniň sirk toparlarynyň gatnaşmagynda guralan bu festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga – birinji orna mynasyp bolmagy saparyň ähmiýetini artdyran taryhy wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen bu topar dünýäniň 5 gezek çempiony bolmagy başardy. Bu bolsa milli atçylyk sungatynyň häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 

Bilşimiz ýaly, «At – myrat», «Atym bar, ganatym bar» ýaly atalar sözleridir nakyllary halkymyzyň bedew ata bolan garaýşynyň taryhyň irki döwürlerinden gözbaş alýandygyny alamatlandyrýar. «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde gazanan bu halkara üstünligi şanly ýylymyzyň bedew batly ösüşler bilen şöhratlanjakdygyny alamatlandyrdy. 

Täze taryhy eýýamda ahalteke bedewlerinde goýulýan hormat-sarpa örän belent tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize aýratyn uly hormat goýmagy, bedewlere bagyşlap dürli eserleri döretmegi aýratyn bellärliklidir. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinde behişdi bedewleriň halkymyzyň durmuşynda tutýan orny, ahalteke bedewleri hakyndaky taryhy maglumatlar täsirli beýan edilýär. Baý geçmiş taryhymyzyň altyn sahypalarynda behişdi bedewlerimize aýratyn üns berlipdir. Halkymyz seýisçilik sungatyna, atçylyga durmuşynyň mazmuny hökmünde garapdyr. Türkmen toýlary aýlawsyz geçmändir. Atlar ula goýberilip, ýeňiş gazanan çapyksuwarlara toý serpaýlary ýapylypdyr. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär.  

Bedewler  halkymyzyň uçar ganaty hasaplanýar. Türkmen edebiýatynda hem bedewleriň waspy belentden ýetirilipdir. «Gorkut ata» eposynda Düldüliň, «Görogly» eposynda Gyratyň keşbiniň üsti bilen bedewleriň ynsan gylykly häsiýete eýedigini bellemeli. Göroglynyň ýakyn syrdaşy bolan Gyrata: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ýüzlenmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.  Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri bolan Seýitnazar Seýdi, Gurbanaly Magrupy, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine ýaly ussat şahyrlaryň döredijiliginde bedewleriň waspy belentden ýetirilýär. Watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň goşgy setirlerinde «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýip belläp geçmegi hem behişdi bedewlere aýratyn uly sarpa goýulýandygyny tassyklaýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet sirkiniň açylmagy behişdi bedewleriň gadymy mekanynda täze taryhy eýýamyň başlanandygyny buşlady. Bilşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew adyndaky şäherçäniň açylmagy atçylyk pudagynda zähmet çekýän seýisler, atşynaslar üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadag şäherinde Akhanyň ajaýyp ýadygärliginiň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, behişdi bedewlerimiz  babatda alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Behişdi bedewlerimiziň şanyna tutulýan şanly toýuň öňýanynda atçylyk sungaty bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň uly toparyna «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» ýaly hormatly atlaryň dakylmagy atçylyk sungatyna höwesli raýatlarymyzyň yzygiderli höweslendirilýändiginiň nyşanydyr.

Ýeri gelende bellesek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy atşynaslarymyzyň hem bardygyny aýratyn nygtamagymyz gerek. Hususy atşynaslarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy bu ugra höwesli raýatlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny görkezýär. Hususy atşynaslarymyzyň sanynyň barha artmagy atçylyk pudagynyň hususyýetçilik babatda iş alyp barmakda toplumlaýyn işleriň utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Bu bolsa diýseň buýsandyryjydyr. 

Bedewler – milli ösüşlerimiziň, belent sepgitlerimiziň nyşany. 

Bedew batly ösüşler – ýurdumyzyň saýlap alan döwletli syýasatynyň düýp mazmuny. Şeýle beýik tutumlar, döwletli başlangyçlaryň rowaçlanmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasynyň dünýä içre belent nusgasydyr, belent ykrarydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde gazanan ýeňşi halkymyzyň göterilen ykbalynyň galkynmagydyr, ýeňişlerimiziň ýalkymydyr. Gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.