Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEÝIK PYRAGA HORMAT - SARPANYŇ NYŞANY

Söz sungatynda dünýä edebiýatynda şöhratly yz goýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy umumazadamzat gymmatlygyna eýedir. Beýik söz ussadyna belent hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň öňüsyrasynda çapdan çykan bu eser 8 bölümden ybarat bolup, onda beýik söz ussady hakyndaky täzeçe pikir-garaýyşlar beýan edilýär. 

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp eserinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine täzeçe kesgitleme berýär. Bu babatda kitapda: «Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny eliňden düşürmän, ürç edip okasaňam, her gezekde täze we täsin bir pikirler seriňde peýda bolýar. Megerem, Magtymgulynyň goşgulary ömrüň formulasy esasynda ýazylan bolmaly. Magtymgulynyň şygyrlary bilen älemiň gurluşynyň arasynda hem meňzeşlik bar» diýip belleýşi ýaly, akyldar şahyryň goşgulary ömrüň formulasydyr. Kitapda beýan edilişi ýaly, ömrüň manysyna düşünmek üçin Magtymguly Pyragynyň sözlerine düşünmek ýeterlikdir. Hakykatdanam, akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň giň örüsi adamzadyň milli we ruhy-ahlak kadalaryny düzýän kämil pikirler bilen mazmunlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasy kämil şahsyýeti kemala getirmegiň milli nusgasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp eserinde Magtymguly Pyragynyň agzybirligiň ündewçisi, parahatçylygy şahyry hökmünde kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu kämil garaýşy beýik söz ussadynyň döredijiligine täzeçe çemeleşmäge we ylmy esasda täze pikirleriň döremeginde ähmiýetlidir. Berkarar döwletimiziň parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýaly milli ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamda rowaçlanmagy şahyryň döredijiligine täzeçe çemeleşmäni döredýär. Bilşimiz ýaly, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň gözbaşynda parahatçylyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgeleriň bardygyna taryh şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga we ynsanperwerlige çagyrýar. Edebiýat ählumumy häsiýete eýedir. Edebi eserler diňe bir belli bir halkyňky bolman, eýsem-de, ähli halklar üçin hem gymmatly paýhas çeşmesidir. Edebiýat ynsan ömri, manysy, duýgulary bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda beýik söz ussadyna berýän ýokary bahasy ählumumy häsiýete eýedigi bilen hem tapawutlanýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda beýik söz ussadyna parahatçylygyň şahyry hökmünde ýokary baha berilmegi täze bir açyşdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň gymmaty egsilmejek ajaýyp eserinde: «Magtymguly Pyragynyň eserlerine çuňňur düşünmegiň ýene bir açary il-günüňe, halkyňa bolan hormat-sylag, mähir-söýgi bilen  berk baglanyşyklydyr. Çünki aryf şahyrymyzyň goşgularynda türkmen ruhy ýaşaýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerine düşünmegiň açarynyň il-günüňe bolan hormat-sylagdygy baradaky täsirli jümleler täze taryhy döwürde amala aşyrylýan giň gerimli işleriň mazmunynda aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatynyň gözbaşynda il-halka bolan belent söýgi bardyr.  Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, alnyp barylýan döwletli tutumlar döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp şygaryndan gözbaş alýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere hususy telekeçilerimiziň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir. Döwrümiziň beýik gudraty bolan Arkadag şäherinde amala aşyrylýan iri gurluşyklaryň hususy kärhanalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilmegi il-halkymyz babatda alnyp barylýan döwletli tutumlara telekeçilerimiziň uly goşant goşýandygynyň alamatydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyza, edebiýatymyza aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň», Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgulary bilen başlanmagynda özboluşly many bardyr. Kitapda: «Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar. Magtymgulynyň baryp üç asyr döwür, durmuş, adam ahwallary baradaky pähim-paýhasly jümleleri şu günki günde hem gymmatyny gaçyrmaýar» diýip bellemegi beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň ebedidigini aýdyň tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp eserinde beýik söz ussadynyň döredijilik mirasyna belent hormat-sarpa bilen garalýar. Bilşimiz ýaly, geçen ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen şöhratlandy. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen şanly ýylynda söz ussadynyň döredijiligine bagyşlanan birnäçe işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum  üstünlikli geçirilmegi şanly ýylymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hataryny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň mazmunyny baýlaşdyrmakda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen bu işleriň öz beýanyny tapmagy hem aýratyn bellärliklidir. 

Magtymguly Pyraga belent hormat-sarpa goýmakda dünýä nusgalyk taglymatyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza degişli bolup durýandygyny bellemeli. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri beýik söz ussadynyň döredijilik mirasyna berlen ýokary bahadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülen bu gymmatly eser halkymyzyň ýan kitabyna öwrüler. Dünýäde beýik söz ussadyna bagyşlanan sözden dikilen heýkel döredilmeli bolsa, ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby we Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bolar. Beýik söz ussadyna uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!

Jeren REJEPOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.