Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

PARAHATÇYLYK WE ÖSÜŞ

Ata-Watanymyz Türkmenistan:Merkezi Aziýa sebitiniň möhüm ýurtlaryndan biri bolup, parahatçylyk we ynanyşmak ulgamynda möhüm ädimlerini ädip, özüniň halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmegi maksat edinýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halky, halkara gatnaşyklarynda öz hereketlerinde ýokary derejeli ynanyşmagy we parahatçylygy esas alýar. Türkmenistan daşary syýasaty arkaly ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we oňa  parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri açýar. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmaga uly üns berýär we köplenç hyzmatdaşlyga gatnaşyjylary özleriniň isleglerine hormat goýýar.

Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygy wagyz-edýän başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dünýä derejesinde wagyz edýän döwlet hökmünde, öz ösüş ýolunda bu ýörelge hökmünde kabul edýär. Ýurduň parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz edýän strategiýalary, diňe bir Türkmenistanyň özüne däl, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiligine hem aýratyn ähmiýetlidir.

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog – parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylyk  ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa – parahatçylyk ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalaryň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 

Parahatçylyk, diňe bir uruş we gapma – garşylygyň ýoklugy däl, eýsem adalatlylygyň, deňligiň we ynsan hukuklarynyň goragynyň üpjün edilmegi bilen emele gelýär. Ynanyşmak bolsa halklaryň berk esasyny düzýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diňe bir ýyllyk başlangyç bolman, dünýä jemgyýetçiligine parahatçylygyň we ynamyň hemme zadyň esasydygyny ýatladýar. Her bir adam, jemgyýet we döwlet bu ýörelgeleriň bu ýörelgeleriň berkarar bolmagyna goşant goşup biler. Parahatçylyk we ynanyşmakly dünýäniň ösüşiniň açarydyr. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diňe bir belli bir döwrüň şygary däl, eýsem ähli halklaryň we ýurtlaryň uzak möhletleýin maksadydyr. Parahatçylyk dünýä gurmak, her bir adamyň we jemgyýetiň tagallasyndan başlanýar. Biziň hemmämiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň gymmatyny aňlap, ony gündelik durmuşymyzda durmuşa geçirmäge borçludyrys.

         Hormatly Prezidentimiz öz halkynyň rahat ýaşamagy, gujur-gaýratly işlemegi üçin ähli şertleri döredýär. Parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat we Bereket etrap komitetiniň agzybir işgärleri bolup öz alyp barýan işlerimizde gadamlarymyzyň batly bolup durmuşymyzyň has-da gözel bolmagy üçin öz goşandymyzy  goşup işlejekligimize ynandyrýarys. 

Berkarar döwletimizi beýik özgertmelere ýar  edýän, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Türkmen halkyny asuda abadan parahat ýurtda işlemäne okamana döretmäne uly – uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

 Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.