Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ AJAÝYP ESERI GYMMATLY SOWGAT

Günleri biri-birinden zyýada gelýän bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Ähli ugurlarda bize görelde mekdebi bolup durýan Hormatly Prezidentimiz «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem özüniň nusgalyk göreldesini görkezip. Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň ählimize bahasyz serpaýyny — jöwher paýhasyndan syzlyp çykan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyny bize sowgat etdi. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza serpaý eden eseri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilip, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenipdir.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.

Kitabyň mazmuny «Magtymgula düşünmegiň açary», «Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary», «Pähim-paýhas ummany», «Parahatçylygyň şahyry», «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry», «Halk ýadyndan aýrylma», «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» we «Hakyň hem hakykatyň ýolunda» atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilipdir. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, «Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir». Döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen döredilen «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we beýleki hormatly atlara, nyşanlara mynasyp bolanlaryň ählisiniň sanawyny, şahyryň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli beýleki resminamalary özünde jemlän bu eser «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan geljekki nesillere özboluşly ýadygärlikdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymguly Pyraga düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.