Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ WATANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä-de parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, asudalygy, goramak parahatçylykly dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda dünýä nusgalyk birnäçe üstünlikli işler alynyp barylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.

BMG-na agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr. Şeýle hem resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn belläp geçýär.

2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär. Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkidýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumyadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşýandygy we 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygyny, onuň şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygyny aýratyn bellemek gerek. Ähli türkmen halkyny şeýle uly mertebä, abraýa eýe edip dünýä tanadan we asuda abadan durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.