Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÄZE GATNAŞYKLARA BADALGA

Halkymyzda «Goňşy goňşynyň galasy» diýilýär. Doganlyk özbek halkynda bolsa «Ýan goňşy, jan goňşy» diýen aýtgy bar. Türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklary müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Goňşuçylykda ýaşap, ýyllaryň dowamynda biri-birine garylyp, gatylyp giden doganlyk halklary gadymy kökleri, dilleri, milli medeniýetleri, däp-dessurlary birleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özbek doganlarymyz bilen özara gatnaşyklarymyz barha berkäp, giň gerime eýe bolýar.

Bu günki gün özbek doganlarymyz bilen bilelikde toý-baýramlar bellenilýär, Medeniýet günleri, halkara forumlar, ylmy-amaly we işewürlik maslahatlary, dostluk festiwallary geçirilýär, iri taslamalar amal edilýär, sergiler guralýar. Gojaman Jeýhuny ýakalap oturan Türkmenabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän goňşy ýurtlaryň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Forumyň çäginde giňden ýaýbaňlandyrylan Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň many-mazmun bilen baýlaşmagynda uly ähmiýetli boldy. Sergide dag-magdan, metallurgiýa, nebitgaz, himiýa senagatynda, maşyn gurluşygynda gazanylanlar bilen birlikde, dokma önümleridir milli lybaslar hem giňden sergilendi. Lybaslary milli nagyşlar bilen bezeýän «Hünärment üýşmesi» hususy kärhanasynyň dürli görnüşli önümleri ýerleşdirilen diwarlygyň köp adamly bolandygyny bellemeli. Ol ýerde telekeçi zenan Dilaram Ruziýewanyň özbek milli lybaslary we olary bezeýän nagyşlar barada beren gyzykly gürrüňleri hemmäniň ünsüni özüne çekdi.

Ýeri gelende, welaýatymyzyň Buhara welaýaty bilen ysnyşykly goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýtmak ýakymly. Geljekde Lebap we Buhara welaýatlarynyň arasynda, serhetýaka çäkde söwda zolagynyň döredilmegi iki ýurduň önüm öndürijileri üçin-de örän ähmiýetli bolar. Welaýatymyzyň işewürlerinde Buhara şäherinde ýerleşýän «Nagyşbent» hünärmentler merkeziniň ussat hünärmenleriniň ýüpekden taýýarlaýan önümleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Çünki ýüpek gurçugynyň iň köpçülikleýin idedilýän sebiti bolan welaýatymyzyň ýüpekçileri tarapyndan ýurdumyzda öndürilýän piläniň deň ýaryna golaýy taýýarlanylýar. Munuň özi telekeçilerimizde özbek kärdeşlerinden ýüpekden kagyz ýasamagyň inçe usullaryny öwrenmäge esas döredýär.

Forumyň çäginde geçirilen duşuşyklarda, «tegelek stoluň» başyndaky maslahatlarda iki doganlyk ýurduň işewürleriniň arasyndaky işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, täze, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek babatda pikir we tejribe alyşmalar boldy. Oňyn teklipler orta atylyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatymyzda öz işine ussat işewürleriň ýüzlerçesi yhlasly zähmet çekýär. Ak bazarlaryň ekologik taýdan arassa azyk we senagat harytlary bilen baýlaşmagynda lebaply telekeçileriň hem mynasyp goşandy bar. Öndürilýän önümleriň aglaba böleginiň daşarky bazarlara eksport edilmegi dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygynyň, hil derejesiniň ýokarydygynyň alamaty. Telekeçi daýhanlarymyz ak bugdaýyň, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy türkmen topragynyň datly önümleri bilen üpjün edýärler. Türkmenabat şäherinden telekeçi zenan Göwher Jumaýewanyň öndürýän künji ýaglarynyň, «Tiz hyzmat» hususy kärhanasy tarapyndan döwrebap ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän del tagamly kömelekleriň, Saýat etrabyndan tejribeli telekeçi Alym Joraýewiň öndürýän «Her gün» haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň müşderiler tarapyndan uly islege eýedigi buýsandyrýar. Iki doganlyk ýurduň işewürleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen bu forumyň türkmen önümleriniň özbek bazaryndan mynasyp orun almagynda ähmiýeti uly bolar.

Doganlyk ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlyk saklap, pikir we tejribe alyşmaga, türkmen önümleriniň dünýä bazaryndaky mynasyp ornuny artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzy aýdýarys.

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.