Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BELENT SEPGITLERE BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ösüş-özgerişlere beslenýän zamanamyzda türkmen halky şan-şöhratly taryhynyň ýene bir nurana sahypasyny açdy. Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan tekliplere, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanylmagy, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerilmegi, şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň göz öňüne tutulmagy eziz Diýarymyzda döwletli ýörelgeleriň dowamata beslenýändiginiň nyşanydyr.

2025-nji ýylyň milli we halkara derejede yglan edilen şygarlarynyň bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýylyň, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýylyň dolýandygy hem ýatlanylmaga mynasyp ýakymly hakykatdyr.

Täze ýylyň şygaryndaky umumadamzat bähbitli gymmatlyklar onuň göze gelüwli nyşanynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Gerdeninde Ýer şaryny göterip, ganat ýaýýan laçyn guşuň şekilini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen döwletliliginiň goşa ganatyna deňeýän Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýaly naýbaşy gymmatlyklary hakynda oýlanýarsyň. Asmana sary ösüp oturan ýaşyl derek agajynyň şekili bolsa berklik, uzak ömürlilik, haýyr-sahawatlylyk ýaly häsiýetleri ýatladýar. Ata-babalarymyzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan asylly ýörelgelerinden güýç alýan kuwwatly döwletimiz hem, hut derek agajy kimin, ösüşiň täze belentliklerine ymtylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de BMG-niň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, dünýäniň ençeme döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen jümle-jahanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine dostluk hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň paýawlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ruhubelentlikde garşy alynýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny ýazyp tamamlamagy halkymyzyň buýsanjyny goşalandyran şatlykly waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň bosagasynda il-günümize ýene bir ajaýyp eseri sowgat bermegi beýik akyldarymyzyň agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan filosofiki garaýyşlarynyň, pähim-paýhasly ündewleriniň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklarymyzda mundan beýläk-de mynasyp orun aljakdygyny buşlady. Çünki beýik akyldarymyzyň pentleri bu günki gün döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän gymmatlyklaryň hatarynda orun alýar. Hormatly Prezidentimiz täze eseriniň «Parahatçylygyň şahyry» diýen bölüminde: «Söz ussady halkymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahsyýetdir. Ol öz ýaşan döwrüniň taryhy ýagdaýy, çylşyrymly wakalary barada ýörite ýazan goşgularynda syýasatçy, taryhçy hökmünde wajyp maglumatlary belläp geçýär, adamlara rahat durmuşyň, bagtyýar geljegiň ýollaryny salgy berýär. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragy, ilkinji nobatda, agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr» diýip bellemek bilen, beýik akyldaryň döredijiliginiň parahatçylygy we agzybirligi berkitmekdäki ähmiýetini açyp görkezýär.

Beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýyly hususy pudagyň wekilleri üçin uly üstünliklere beslendi. 2024-nji ýylda türkmen telekeçileri halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy nazarlaýan iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar. Olar halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen özgertmelere goşant goşmakda, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda, innowasion tehnologiýalary özleşdirmek arkaly işewürlik innowasion ugurlaryny ýola goýmakda belent sepgitlere ýetdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alnyp barylýan asylly işlerde hususyýetçileriň mynasyp paýynyň boljakdygyna berk ynanýarys.

Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.