Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullap, bu ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri guramagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. 9-njy ýanwarda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Halk Maslahaty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu toparyň mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň we halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini aýdyp, bu işleriň kada-kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden başlap, baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatlara, paýtagtymyzyň bezegine, sowgatlyk harytlara, çäreleri guramagyň medeni jähetlerine, protokol-guramaçylyk işlerine, myhmanlary ulag-aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge çenli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamak, sazlaşykly tagallalary ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda şanly ýylda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreler dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşmak babatda möhüm waka öwrüler.
Bu günki gün Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanyp, täze many-mazmuna eýe bolýar. 2025-nji ýylyň dünýä we ýurt derejesinde yglan edilen şygarlarynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly we meňzeş bolmagynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň özara gatnaşyklary aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bitarap daşary syýasat strategiýasy we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi maksat edinýär. Bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine bolsa 80 ýylyň dolýandygy bu ýylyň, hakykatdan-da, öz adyna mynasyp boljakdygyna, şanly wakalara beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde şanly ýylda geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň, myhmansöýerliginiň, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändiginiň we ynamly öňe barýandygynyň bütin dünýä aýdyň görkezilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
Täze ýylyň öňüsyrasynda ýene bir şatlykly waka kalbymyza ganat baglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ildeşlerimizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem beýik akyldarymyzyň agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýan filosofik garaýyşlarynyň, pähim-paýhasly ündewleriniň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklarymyzda ýol-ýörelge boljakdygyny tassyklaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz milli hem dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak şygaryny baýdak edinip, 2025-nji ýyla görnükli akyldarymyzyň parahatçylyga, ynsanperwerlige, belent ahlaklylyga ýugrulan pentleri bilen gadam basýar. Hormatly Prezidentimiz täze eseriniň «Parahatçylygyň şahyry» diýen bölüminde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatçylygy we agzybirligi berkitmekdäki ähmiýeti barada şeýle belleýär: «Söz ussady halkymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap, özbaşdak döwlet gurmak, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahsyýetdir. Ol öz ýaşan döwrüniň taryhy ýagdaýy, çylşyrymly wakalary barada ýörite ýazan goşgularynda syýasatçy, taryhçy hökmünde wajyp maglumatlary belläp geçýär, adamlara rahat durmuşyň, bagtyýar geljegiň ýollaryny salgy berýär. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragy, ilkinji nobatda, agzybirligiň ündewçisidir, parahatçylygyň şahyrydyr».
Kitapda dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiriň durýandygy, şonuň üçin hem olaryň durmuşy gowulyga özgertmäge, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ruhy ýörelgelerini kesgitlemäge ýol salgy berýändigi beýan edilýär. Magtymgulynyň pähim-paýhas ummany medeni ösüşleriň badalgasydyr, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň edebi hem milli özboluşlylygynyň aýnasydyr. Onuň üç asyr çemesi mundan ozal ýazylan eserleri dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary ruhlandyrmagyny dowam edýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan kitapda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, dünýäniň ähli ýurtlary üçin hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyna, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen köpugurly gatnaşyklary alyp barýandygyna üns çekilýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. Kitapda bellenilişi ýaly, bu ýyl ähli babatda şanly wakalara baý bolar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutanýerli zähmet çekmegini dowam etdirip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda alnyp barylýan asylly işleri giňden wagyz etmek, şanly ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere beslemek ugrunda yhlasyny gaýgyrmajakdygyna pugta ynanýarys. Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen özgertmelere goşant goşmak, ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, işewürlikde innowasion tehnologiýalary özleşdirip, täze sepgitlere ýetmek hususy pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.
Goý, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkäp, bütin dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak we dost-doganlyk güllesin! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary esasynda bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.