Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamnyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar.
Hemişelik Bitaraplyk derejesini alanymyzdan bäri geçen wagt ýurdumyzyň saýlap alan bu ugrunyň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň hemişelik Bitaraplyga daýanyp alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýä milletler bileleşiginde mynasyp orny eýeledi we ägirt uly abraý gazandy. Onuň dünýäniň ýüzünde tutýan orny ýokarlandy. Türkmenistanyň bu üstünlikleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň türkmen halkynyň şu gününe we geljegine parahatçylyk bolup şugla saçjaklygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň hakykatdan hem Bitaraplygyň Watanyna, Bitaraplygyň mekanyna öwrülendigini, Bitarap döwletdigini uly buýsanç bilen aýdyp bolar. Bitaraplyk halkymyzyň milli guwanjyna we mertebesine öwrüldi. Bu gün Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwletdigini, onuň alyp barýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy berkitmekde tutýan möhüm ornuny, toplan syýasy tejribesini bütin dünýä ykrar edýär.
Türkmenistan Bitaraplygyň, asudalygyň parahatçylygyň mekany. Bu sözlerde türkmeniň ynsanperwer, parahatçylygy söýüji halkdygy baradaky çuňňur many bar. Bitaraplygyň gujagynda äden her bir ädimimiz bize güýç-kuwwat berýär. Bitarap Watan bizi hemişe mähir bilen gurşaýar. Bitaraplyk-bu biziň kalbymyzyň karary, ýüregimiziň mähri, çagalaryň şirin nagmasy, halkymyzyň parahatçylyk üçin çeken yhlasynyň ýerine düşmesidir.
Bu günki gün Watanymyzda çar tarapa uzaýan ýollar uly dostlyk ýolyna öwrülip, dünýä ýurtlaryna sahawatyň, bagtyň salamyny ýetirýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biziň barýan ýolumyz parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk ýoly, biziň ýolymyz ata-babalarymyzyň ýagşy-niýete ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýoludyr. Bu ýörelgä elmydama ygrarly bolup, has-da jebisleşmek biziň baş ýörelgämizdir.
Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniňiň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dünýä jemgyýetçiliginiň Garaşsyz diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygyna ähli babatda ýokary baha berýändigini biz her pursatda görýäris. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüji başlangyçlary amala aşyrmagyň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň, şonuň ýaly-da olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garaýarys.
Garaşsyz diýarymyz bu günki gün abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp düzüm edaralarynyň hataryna saýlanmagy Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmakda, dost-doganlygy hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde, sebitara meseleleri çözmekde möhüm şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasaty ýokary derejelere eýe bolup, onuň sebitdäki ýagdaýlara oňaýly täsiri günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiz diňe bir sebitde däl, eýsem, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmak, dünýäniň ähli halklarynyň abadançylykda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek baradaky belent maksatlary öňe sürýär.
Türkmenistanyň daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi bilen kesgitlenilýär. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň özeni, onuň mizemez daýanjy bolup durýar. Bu hormatly derejä eýe bolmak bilen, özygtyýarly Watanymyzyň abraýy has-da artýar we pugtalanýar.
Parahat söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, goňşy we dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Asuda, abadan ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda asudalygy we parahatçylygy dörediji, goraýjy ýurt hökmünde özüni dünýäde äşgär eden Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan Eziz Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamakda alyp barýan işleri ýer ýüzünde giňden dabaralanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.