Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

  • TÜRKMENISTAN - BITARAPLYGYŇ, ASUDALYGYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ MEKANY

    Demokratik,...

  • ARKADAG ŞÄHERI – YKDYSADY KUWWATYŇ AÝDYŇ GÖRKEZIJISI

    Berkarar...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ÝOLY

    Berkarar...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY WE PARAHATÇYLYK FILOSOFIÝASY

    «Pä...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY BU GÜN DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

    Berkarar...

  • Далее

TÜRKMEN BITARAPLYGY BU GÜN DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

Berkarar döwletimiz täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň üns merkezinde. Geçen ýyllarda döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy.

Hormatly Prezidentimiz diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Ol teklipler parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna ýardam berýär.

2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi, şeýle hem bu dünýä bileleşiginiň çözgüdi esasynda 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyndan habar berýär.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýyny we ornuny has-da berkitmäge oňyn täsirini ýetirdi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanyň üstümizdäki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň – Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwür üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym hem tehnika boýunça komissiýanyň agzalygyna 2021-2024-nji ýyllar döwür üçin saýlanmagy hem guwandyryjydyr.

Hemişelik Bitaraplygymyz munuň özi jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň, şol sanda dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatymyzda esasy ýol görkeziji bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyna eýerip, ösüş ýoly bilen öňe barýandygy, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslandyrýandygyny buýsançly nygtamagy bolsa - munuň aýdyň kepilidir.

Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz artýar. Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatymyzyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän Bitarap  döwletimiziň  bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Baýramlaryň şanyna geçirilýän dürli derejeli medeni çärelerdir dabaraly maslahatlar bolsa maksada okgunlylygy we täsirliligi bilen tapawutlanýar. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti bolup, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň şanyna buýsançly çärelerdir maslahatlary giň gerimde ýaýbaňlandyrýarys. Şu günler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalýan çäreler hem aýratyn  ähmiýete eýe bolýar.

Pursatdan peýdalanyp Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has pugtalandyrýan we ony ýokary derejelere çykarýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.

Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.