Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde telekeçiligi ösdürmek barha möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän durmuş-ykdysady ösüş ugrunda hususy telekeçiligiň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet goldawynyň berilmegi bilen, hususy telekeçiligiň kämilleşdirilmegi, banklar tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, bu pudaga innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, maýa goýum serişdeleriniň netijeli ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligiň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün etdi. Telekeçilik işinde üstünlik, esasan, adamyň ukybyna, hünär derejesine, bazar şertlerinden oňat baş çykarmaga bolan başarnygyna bagly bolup durýar. Ýurdumyzda hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň sanynyň yzygiderli artmagy, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň aglaba böleginiň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalaryň paýyna düşmegi ulgamyň ösüşini görkezýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň sany barha artýar.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri öz taslamalaryny halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly üstünlikli durmuşa geçirýärler. Türkmen telekeçileri azyk önümlerinden dokma önümlerine, gurluşyk materiallaryndan öý goşlaryna çenli köp dürli önüm öndürmek bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Telekeçilik işjeňliginiň yzygiderli emele gelmegi, öňdebaryjy bazar usullarynyň ornaşdyrylmagy ýurduň durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýerli telekeçileriň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda üstünlikli işleri alyp barmaklary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleri netijeli çözýär. Şol bir wagtda hem bu ýagdaý daşary ýurt kompaniýalary üçin bäsdeşlik gurşawyny döredýär. Türkmenistanyň işewür toparlary halkara işewür gatnaşyklary netijesinde öňdebaryjy daşary ýurt işewür toparlary bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Türkmen telekeçileri ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlara, pudaklaýyn sergilere işjeň gatnaşýarlar.
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçileriň uly işleri alyp barýandyklaryny belläp: «2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biri hasap edýärin» diýip, belläp geçdi.
Telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, pes göterimli karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge täze mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, hususy ulgamyň kuwwatlanmagy milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikleriň görkezijisidir.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.