Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär. Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzy gülletmek, ony bagy-bossanlyga öwürmek Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Eziz Türkmenistan döwletimiz bagy-bossanlyga öwrülýär. Ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek adamyň ýaşaýşyny we saglygyny goramagynyň esasy kepili bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklary döretmek Watanymyzyň ösdürilmegine halkymyzyň eşretli durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi üçin uly tagallalar edilýär. Şunuň bilen bilelik-de sebitde deňi taýy bolmadyk Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasyndan kemala gelen ilkinji akylly şäher Arkadag şäherinde hem gök zolaklary has-da köpeltmek maksady bilen birnäçe işler alynyp barylýar. Ajap eýýamymyzyň bu täze şäheri babatda gürrüň edilende hemmeleriň aňynda sanly ykdysadyýet, «Ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäher ýaly, düşünjeler orun alýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen kemala gelen döwrebap şäher binagärligiň, ekologiýa abadançylygynyň beýik nusgasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmegi töwerekdäki tebigy gurşawy sagdynlaşdyrmaga adamyň ýaşaýşy üçin amatly, arassa sagdyn tebigy gurşawy bolan hukuklary amala aşyrmaga ýurtda ekologiki howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen baglanşykly meýilleşdirilýän çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Her ýyl Arkadag şäherinde hem saýaly we miweli baglar ekilýär. Arkadag şäherini bagy - bossanlyga öwürmek barada geçirilýän işler bu gün özüniň garaşylýan oňyn netijelerini berýär.
Şenbe güni — 9-njy noýabrda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Barha özgerýän türkmen topragynyň ähli künjegini bagy-bossanlyga büremäge gönükdirilen bu çäre ata-babalarymyzdan galan asylly ýörelgeleriň bagtyýar zamanamyzda täzeçe öwüşgin bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Täze taryhy eýýamda daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözelliklerini, gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň möhüm bölegidir. Şu syýasatdan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Ýylyň iki möwsüminde millionlarça düýp saýaly, pürli we miweli baglaryň ekilmegi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň alamatydyr. Bag ekmek çäresine ýurdumyzyň ähli ilaty bilen agzybirlikde telekeçilerimiz hem işjeň gatnaşýarlar. Diýarymyzda güýz hem ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek tebigatymyzyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologiýa arassalyk derejesiniň, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna-da öz täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýyllynda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy hem-de abadançylygy pugtalandyrýan döwlet hökmünde abraýy barha ýokarlanýar.«Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen ata babalarymyzdan gelýän paýhasly sözlerimiz bar. Hakykatdan hem şeýle. Bagyň bolsa saýaň-da bolýar, miwäň-de. Türkmen topragynda islän daragtyň, islän ekiniň kök urup, miwe-de getirip, hasyl hem berip bilýändigine ak bazarlarymyzyň tekjelerini dolduryp duran, daýhanlarymyzyň, bagbanlarymyzyň alynyň deri bilen ösdürilip ýetişdirilen ir-iýmiş, bakja we gök ekin önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem göz ýetirmek bolýar.
Goý, sahawatly türkmen topragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.