Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

YKDYSADY ÖSÜŞLERE MYNASYP GOŞANT

Bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär.  Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýurdumyzy uzak möhletleýin esasda ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Häzirki wagtda hususyýetçiler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy pudagy goldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilýär. Döwlet tarapyndan telekeçiligi höweslendirmek we goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam etmek üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Hususy işewürligi ösdürmekde sergilerdir ýarmarkalar hem möhüm orny eýeleýär. Ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hasaplanýan kiçi we orta kärhanalara sergiler öz önümlerini we hyzmatlaryny giň halk köpçüligine tanyşdyrmak arkaly täze müşderileri çekmegiň oňaýly meýdançasy bolup hyzmat edýär. Iri kärhanalar üçinem sergidir ýarmarkalar tejribe alyşmak we täze bazarlara çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, ykdysady forumlara işjeň gatnaşyp, daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýärler. Ýakyn günlerde, has takygy 3-5-nji noýabr aralygynda aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, gurluşyk, gurluşyk önümçiligi we senagat pudaklarynda iş alyp barýan hususy düzümlere hyzmatlaryny hem-de önümlerini ilerletmekde  möhüm ähmiýetli çärä öwrüldi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary döretmäge, senagat, durmuş-medeni maksatly dürli desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşýarlar. «Geljege Miras», «Demir ölçeg», «Maksatly gerçek», «Yhlas Kagyz», «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanalary, «Rysgally Nesip», «Elektron Ylhamy», «Oguzabat», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleri we ýurdumyzda meşhurlyk gazanan beýleki kärhanalar gurluşyk pudagyndaky üstünliklere goşant goşýar. Hususyýetçiler senagat kärhanalaryna ýokary hilli inženerçilik-tehniki hyzmatlary hödürlemekde, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, senagat enjamlaryny gurnamakda we işe girizmekde goldaw bermek bilen, Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşine mynasyp goşant goşýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, ýük daşamak, söwda, elektroenergetika ýaly möhüm ugurlarda hem telekeçiligiň paýy ýylsaýyn artýar. Türkmen telekeçileri döwletiň uly goldawyndan ruhlanyp, işiň täze ugurlaryny, şol sanda elektron senagaty özleşdirýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem işewürlik gurşawyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, hususy maýa goýumlary artdyrmak, hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmek ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýarlar. Agzalarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, işewürleri tutanýerli zähmete ruhlandyrmaga, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we hyzmatlar böleginiň işini ilerletmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligi hem-de eksport ugurly senagaty goldamaga gönükdirilen işlere işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýän telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek üçin mundan yhlasly zähmet çekýär.

Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredýän we ýakyndan hemaýat-goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň geljekde hem uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.