Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN MENZILLERI

Äh­li­ ugur­lar­ bo­ýun­ça­ gül­läp­ ös­ýän,­ ra­ýat­la­ry­ bag­ty­ýar­ dur­muş­da­ ýa­şa­ýan,­ dün­ýä­de­ abadançylygyň­ ro­waç­lan­ma­gy­ ug­run­da­ uly­ ta­gal­la­la­ry­ ed­ýän­ berk­a­rar­ döw­le­ti­miz­de­ ga­za­nyl­ýan­ üs­tün­lik­ler­ ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň­ ar­zy­ly­ ar­zuw­la­ry­nyň­ has­yl­ bo­lan­dy­gy­ny­ äşgär­ ed­ýär.­ Türkm­en­ hal­ky­nyň ­Mil­li ­Li­de­ri ­Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň­ asyl­ly­ ýo­lu­ny,­ döw­let­li­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ has­-da­ ro­waç­lan­dyr­ýan ­Ar­kadag­ly­ Gahryman­ Serd­a­ry­my­zyň­ para­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ Ga­raş­syz,­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ Türk­me­nis­tan­ bu­ gün­ki­ gün­ tary­hy­ ösüş­le­ri­ naz­ar­la­ýar.­ Şeý­le ­ajaý­yp ­ha­ky­ka­ta ­«Pä­him­ paýh­as­ um­ma­ny ­Magt­ym­gu­ly­ Pyr­a­gy» ­ýy­ly­nyň ­şan­ly­ wa­ka­la­ry­nyň ­my­sa­lyn­da­ has ­hem­ aý­dyň­ göz­ ýe­tir­ýä­ris.

Hal­ky­my­zyň ­bag­ty­ýar­ly­gy­nyň­ ny­şa­ny ­bol­an­ mu­kad­des­ Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň­ 33­ ýyl­lyk­ baý­ra­my­nyň­ öňü­sy­ra­syn­da­ —­ 24-­nji­ sent­ýabr­da­ ge­çi­ri­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ ta­ry­hy­ äh­mi­ýet­li ­mej­li­sin­de ­äh­li ­ul­gam­lar­da­ ga­za­ny­lan ­üs­tün­lik­le­re ­baha ­ber­lip,­be­lent ­mak­sat­la­ra­ ýet­mek­ üçin­ tä­ze­ we­zi­pe­le­riň­ kes­git­le­nil­me­gi­ il­-ul­su­my­zy­ has-da­ jeb­is­leş­di­rip,­ ýurt­ bi­na­my­zyň­ bin­ýa­dy­ny­ ber­kit­di.­Mer­da­na ­ped­er­le­ri­mi­ziň­ döw­leti we ­jem­gy­ýe­ti ­do­lan­dyr­mak­da ­top­lan ­baý ­tej­ri­be­si­ne ­esas­la­nyp,­Esas­y ­Kan­u­ny­myz­da halk­ hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň­ ýo­ka­ry­ we­kil­çi­lik­li­ eda­ra­sy­ hök­mün­de­ yk­rar­ edi­len­ Türkmenista­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­ döw­let­ hä­ki­mi­ýe­ti­niň ­ýe­ke­-täk­ göz­ba­şy ­ha­sap­lan­ýan hal­kyň ­öz ­hä­ki­mi­ýe­ti­ni ­ama­la­ aşyr­ma­ga­ bol­an ­kons­ti­tu­sion­ hu­kuk­la­ry­nyň ­ýur­du­myzda nus­ga­lyk ­der­e­je­de ­üp­jün­ edil­ýän­di­gi­ni­ ýe­ne ­bir ­ýo­la­ aý­dyň ­tas­syk­la­dy.

Umu­my­ mil­li ­fo­ru­myň ­mejl­i­si ­we ­onuň ­yzy­sü­re­ bel­le­ni­len­ mu­kad­des­ Garaşsyzlygymyzyň­ şan­ly­ to­ýu­nyň­ dab­a­ra­la­ry­ türk­men­ döw­le­ti­niň­ ýe­ten­ sep­git­le­ri­ni­ büt­in­ dün­ýä­ aýan­ etd­i.­ Şan­ly­ wa­ka­lar­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Sen­a­gat­çy­lar­ we telekeçiler partiýa­sy­nyň­ hem­-de­ bir­leş­me­si­niň­ ag­za­la­ry­nyň ­hem ­kalb­y­na­ ga­nat ­ber­di.­Hor­matly­ Pre­zi­dentimiz­ te­le­ke­çi­li­gi­ mun­dan­ beý­läk-­de ös­dür­me­gi,­ ki­çi­ we­ or­ta­ tel­e­ke­çi­li­ge­ goldaw­ ber­me­gi ­döw­let ­syý­a­sa­ty­nyň ­iler­i­ tut­ul­ýan ­ugur­la­ry­nyň ­bir­i ­hökm­ün­de­ kesgitleýär. ­Türkme­nis­ta­nyň ­Halk ­Masl­a­ha­ty­nyň ­mej­li­sin­de ­öňe ­sürl­en­ mö­hüm ­we­zi­pe­le­riň ­hat­a­ryn­da­ 2030-­njy­ ýy­la­ çen­li­ ma­li­ýe­ ba­za­ry­ny­ ös­dür­me­giň­ Stra­te­gi­ýa­sy­nyň,­ ki­çi­ we­ or­ta ­te­le­ke­çi­li­gi ­gol­da­ma­gyň ­Mil­li­ mak­sat­na­ma­sy­nyň ­ka­bul ­edilm­e­gi­ bi­len­ bagl­a­ny­şyk­ly­ baş­lan­gy­jyň­ hem ­bolm­a­gy ­ýur­du­my­zy ­ýo­ka­ry­ dep­gin­de­ ösd­ür­me­giň  täze­ tap­gy­ryn­da ­hem ­hus­u­sy ­pu­da­ga ­äh­mi­ýet­ be­ril­jek­di­gi­ne ­şa­ýat­lyk ­ed­ýär.

Gül­läp­ ösüşl­e­riň,­ aba­dan­ hem­ bag­ty­ýar­ durm­u­şyň­ hök­üm­ sür­me­gi­ üçin­ esa­sy­ şer­tiň­ para­hat­çy­lyk­dy­gy­ny­ adamz­at­ tar­y­hy­nyň­ müň­ýyl­lyk­la­ra­ uza­ýan­ tej­ri­be­si­ sub­ut­ ed­ýär.­ Şo­ňa­ gö­rä­de,­ eziz­ Wa­ta­ny­myz­da­ pa­ra­hat­çy­lyk­ söý­ü­ji­lik­ tag­ly­ma­ty­na­ döwl­e­ti­mi­ziň­ ama­la­ aşyr­ýan ­da­şa­ry ­syý­a­sa­ty­nyň ­biný­a­dyn­da ­durý­an­ esa­sy ­gym­mat­lyk­la­ryň ­bir­i­ hökm­ün­de ­ga­ral­ýar.­ BMG-­niň­ Baş ­Ass­amb­le­ýa­sy­nyň ­çöz­gü­di ­esa­syn­da Türkmenistanyň ­he­mi­şe­lik ­Bit­a­rap­ly­gy­nyň ­30­-ýyl­ly­gy­nyň­ giňd­en­ bel­le­nil­ýän­ 2025-­nji­ ýyl­yň­ «Halka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we­ yna­nyş­mak­ ýy­ly»­ diý­lip­ yg­lan­ edilm­e­gi­ hem-de «Merke­zi Azi­ýa­ —­pa­ra­hat­çy­lyk,­ ynan­yş­mak ­we ­hyzm­at­daş­lyk­ zo­la­gy» ­at­ly ­Kararnama­nyň ­ka­bul ­edilme­gi­ şol­ tag­ly­ma­tyň ­büt­in­düný­ä­de ­dab­a­ra­lan­ýan­dy­gy­ny­ görkez­ýär.­ Bu­ günk­i­ gün ­Bi­ta­rap ­Türk­me­nis­tan­ di­ňe ­bir ­se­bit­de­ däl, ­eýs­em,­Ýer­ ýüz­ün­de ­pa­ra­hat­çy­ly­gy,­ yla­la­şy­gy, ­öza­ra ­dü­şü­niş­me­gi ­ber­kit­mä­ge ­hyz­mat­ edý­än­ mö­hüm­ mer­kez ­hökm­ün­de­ yk­rar­ edil­ýär.­ 11-­nji­ okt­ýabr­da­ paýt­ag­ty­myz­da­ Mag­tym­gu­ly­ Pyr­a­gy­nyň­ dog­lan­ gün­ ü­niň­ 300­ ýyl­ly­gy­na ­ba­gyş­la­nyp,­ýo­ka­ry­ de­re­je­de ­ge­çi­ri­len­ «Dö­wür­le­riň ­we ­siwi­li­za­si­ýa­la­ryň ­öza­ra­ ara­bag­la­ny­şy­gy­—­pa­ra­hat­çy­ly­gyň ­we ­ösü­şiň­ bin­ýa­dy»­ at­ly­ hal­ka­ra­ fo­rum­ bu­ ha­ky­ka­tyň ­nob­at­da­ky ­tas­syk­na­ma­sy­na­ öw­rül­di.­ Be­ýik­ akyl­da­ryň­ dün­ýä­ do­lan ­pä­him­ paý­ha­sy ­dost-do­gan­la­ry ­bir ­sup­ra­nyň­ ba­şy­na­ jem­läp,­ ösüş­iň­ we­ par­a­hat­çy­ly­gyň­ mak­sat­la­ry­ny­ da­ba­ra­lan­dyr­dy.­ Hal­ka­ra­ fo­ru­ma gat­na­şan­ ýok­a­ry­ de­re­je­li­ myhman­la­ryň­ çyk­yş­la­ryn­da­ be­ýan­ edil­en ­pi­kir­ler ­Gün­do­ga­ryň­ be­ýik­ akyl­da­ry­nyň­ dö­re­di­ji­lik­ mi­ra­syn­da­ jem­len­ýän­ gym­mat­lyk­la­ryň ­dün­ýä­niň ­gelj­e­gi­ni ­naz­ar­la­ýan­ be­ýik ­iş­ler ­üçin ­ýö­rel­ge ­bolm­a­ga­ my­na­syp­dy­gy­ny ­tas­syk­la­dy.

Be­ýik­ akyl­da­ry­myz­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy­nyň­ dog­lan­ gü­nü­niň­ 300­ ýyl­lyk­ ýu­bi­le­ýi­niň­ giň­den­ bel­le­nil­ýän ­ýy­lyn­da­ ba­şy­ baş­la­nan ­umu­ma­dam­zat­ äh­mi­ýet­li­ asyl­ly­ iş­ler­ eziz­ Wa­ta­ny­my­zyň­ he­mi­şe­lik­ Bi­ta­rap­ly­gy­nyň­ 30-­ýyl­lyk ­baýr­a­my­ny­ da­ba­ra­lan­dyr­jak ­2025-nji­—­Hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­lyk­ we­ yna­nyş­mak­ ýy­lyn­da­ hem­ do­wa­mat ­do­wam­ bo­lar. ­Şeýle ro­waç­lyk­lar ­türk­men ­döw­let­li­li­gi­niň­ tag­lym­la­ry­nyň ­mil­li ­çäkl­e­ri ­aşyp,­ düný­ä­ ýaý­ra­ýan­ dy­gy­nyň, ­tu­tuş ­adam­za­dyň ­bäh­bi­di­ne ­hyzm­at ­ed­ýän­di­gi­niň ­ny­şa­ny­na ­öw­rü­ler. ­Şanly ýyl­da ­hal­ka­ra­ de­re­je­de ­ge­çi­ril­jek­ çär­e­le­re ­hä­zir­den ­uly ­taý­ýar­lyk­ gör­mek, ­he­mi­şe­lik  Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň ­baý­ra­my­ny­ uly ­üst­ün­lik­ler ­bi­len ­gar­şy­la­mak ­mö­hüm ­wez­i­pe­dir. Üstün­lik­ler­dir­ be­lent ­sep­git­ler, ­il­kin­ji­ no­bat­da,­ hal­kyň ­bo­le­lin ­dur­mu­şy­nyň­ üp­jün edilm­e­gin­de­ we­ yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ­pud­ak­la­ry­nyň ­saz­la­şyk­ly ­ös­me­gin­de ­şöh­le­len­ýär.­Çünki ­yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ­kuww­a­ty­ we­ hal­kyň ­je­bis­li­gi­ is­len­dik ­döw­le­tiň­ özygt­y­ýar­ly­ly­gy­ny, berka­rar­ly­gy­ny ­kes­git­le­ýän ­esas­y ­şert­le­riň­ iň­ esa­sy­la­ry­dyr.­ Güll­äp­ ösüşl­er­ hak­yn­da­ pikir­ ýö­re­di­len­de, ­halk ­hoj­a­ly­gy­nyň ­mö­hüm ­pu­dak­la­ry ­bol­an ­se­na­gat, ­te­le­ke­çi­lik ­aýratyn ­nygt­al­ma­ga ­my­na­syp­dyr. ­Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň ­asyl­ly­ baş­lan­gyç­la­ry­ esa­syn­da­ dö­re­di­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler­ bir­leş­me­si­ gys­ga­ döwür­de ­uly ­üs­tün­lik­le­ri ­ga­zan­mak ­ar­ka­ly,­ öz­ öňün­de­ goýl­an­ we­zi­pe­le­ri­ bir­kem­siz­ berjaý­ edip­ gel­ýär.­ Hä­zir­ki­ dö­wür­de­ hu­su­sy­ pu­da­gyň­ we­kil­le­ri­ oba­ ho­ja­ly­gy, ­azyk­ senaga­ty, ­gur­lu­şyk­ we ­gurl­u­şyk ­önüm­çi­li­gi ­ýa­ly ­ugur­lar­da­ uly ­öňe­ gi­diş­lik­le­ri­ ga­za­nyp,­ di­ňe­ bir­ ýurd­u­myz­da­ däl,­ eý­sem,­ düný­ä­ baz­ar­la­ryn­da-­da ­ýok­a­ry ­is­le­ge ­eýe­ bo­lan­ önümle­ri­ önd­ür­ýär­ler.­ Ki­çi­ we­ or­ta­ te­leke­çi­lik ­mil­li ­yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi­ uzak m­öh­let­le­ýin­ esas­da ­ösd­ür­me­giň ­iler­i ­tut­ul­ýan ­ugurl­a­ry­nyň ­bi­ri­ bo­lup,­ýur­du­my­zyň ­eks­port kuwwatyny ­art­dyr­mak­da,­ tä­ze ­önümç­i­lik­le­ri­ ýo­la ­goý­mak­da,­ baz­ar­ bol­çu­ly­gy­ny­ döretmek­de, ­iş ­üpj­ün­çi­li­gin­de ­waj­yp­ we­zi­pe­le­ri ­üs­tün­lik­li­ çöz­mä­ge ­uly ­goş­ant­ goş­ýar.­ «Pä­him ­paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­lyn­da­ ra­ýat­la­ryň­ te­le­ke­çi­lik­ başlangyç­la­ry­ny­ gol­dap, ­ma­ýa­ go­ýum ­iş­jeň­li­gi­ni ­hö­wes­len­dir­mek,­  döw­let­ eýeç­i­li­gi­ni ­hu­su­sy­laş­dyr­mak ­we­ paýd­ar­lar ­jem­gy­ýet­le­ri­ni ­dö­ret­mek, ­ba­zar ­gat­na­şyk­la­ry­ şertlerinde yl­my ­taý­dan­ esasl­an­dy­ry­lan ­yk­dy­sa­dy­ sy­ýa­sa­ty  ­alyp ­bar­mak,­ içerk­i­ baz­a­ry­ ýurdumyzda ­ön­dü­ri­len ­önüm­ler ­bi­len ­do­ly ­üp­jün ­etm­ek ­ýa­ly­ mö­hüm ­iş­ler ­durm­u­şa­ geçi­ril­ýär.­ Şu­ ýyl­yň ­bir­in­ji­ ýa­ry­myn­da ­Se­na­gat­çy­lar ­we­ tel­e­ke­çi­ler ­bir­leş­me­si­ boýunça oba ­ho­ja­lyk ­we ­azyk ­önüm­le­ri­niň ­önüm­çi­li­gi­niň ­ösü­şi­niň­ 112,1­ gö­te­ri­me,­ se­na­gat­ önüm­çi­li­gi­niň ­bol­sa­ 103,2 ­gö­te­ri­me ­ba­ra­bar ­bol­ma­gy­ ama­la ­aşy­ryl­ýan ­iş­le­riň ­aý­dyň ne­ti­je ­ber­ýän­di­gi­ne­ gü­wä ­geç­ýär.

Hu­su­sy­ pu­da­gyň­ we­kil­le­ri­ ta­ra­pyn­dan­ döw­rü­mi­ziň­ buý­san­jy­na­ we­ ok­gun­ly­ ösüşle­ri­mi­ziň­ ny­şa­ny­na­ de­ňel­ýän ­Ar­ka­dag­ şäh­e­ri­niň­ gurl­u­şy­gy­nyň­ ikin­ji­ tap­gy­ryn­da­ ama­la­ aşy­ryl­ýan­ iş­ler,­ ýur­du­my­zyň ­seb­it­le­rin­de­ iň ­käm­il ­tehn­o­lo­gi­ýa­lar­ bi­len ­enjamlaşdy­ry­lan ­döw­rebap ­dur­muş­ des­ga­la­ry­nyň,­ önüm­çi­lik­ top­lum­la­ry­nyň ­bi­na ­edilme­gi ­gu­wan­dy­ry­jy­ ha­ky­kat­dyr. ­Şanl­y ­wak­a­la­ra ­bes­len­ýän­ «Pä­him­ paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­lyn­da­ hus­u­sy­ pud­a­gyň­ we­kil­le­ri­ ta­ra­pyn­dan­ gur­lan­ desgalaryň ­ýe­ne ­bir­nä­çe­si­niň ­açy­lyp ­ulan­ma­ga ­be­ril­me­gi­ Wa­ta­ny­my­zyň ­ok­gun­ly ­ösüş­le­ri­ne­ täzeçil iter­gi ­be­rer. ­Mill­i­ ösüş ­mak­sat­na­ma­la­ry­ny­ dur­mu­şa ­ge­çir­mä­ge ­işj­eň ­gatn­aş­ýan­ Türkmenis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çi­ler­ part­i­ýa­sy­nyň­ ag­za­la­ry­ Gar­aş­syz döwletimi­ziň­ ama­la­ aşyr­ýan­ içe­ri­ we­ da­şa­ry­ sy­ýa­sa­ty­ny,­ ýur­du­myz­da­ al­nyp­ ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri, ­ga­za­nyl­ýan ­üs­tün­lik­le­ri ­wagyz ­etm­ek ­bo­ýun­ça ­giň ­ge­rim­li ­işl­e­ri ­alyp­ barýar.­ Ösüş­ öz­ge­riş­le­riň­ röw­şen­ şugl­a­sy­ il­deş­le­ri­mi­ziň­ kal­by­na ­bag­ty­ýar­lyk ­paý­la­ýar.

Gah­ry­man ­Ark­a­da­gy­my­zyň ­«Döw­let ­adam ­üçin­dir!», ­Ar­ka­dag­ly ­Gah­ry­man ­Serdarymy­zyň ­«Wa­tan­ di­ňe ­hal­ky ­bi­len ­Wa­tan­dyr! ­Döw­let ­di­ňe ­hal­ky ­bi­len­ döwletdir!» ­di­ýen ­be­lent ­şy­gar­la­ryn­dan ­ruh­lan­ýan­ hal­ky­my­zyň ­yh­las­ly­ zähm­e­ti,­ röw­şen ­gelj­e­ge ­sars­maz­yna­my, ­gaz­a­nyl­ýan ­ösüş­ler, ­ýe­til­ýän ­sep­git­ler­ eziz­ Di­ýa­ry­my­zyň dünýädäki abr­aý ­mer­te­be­si­niň­ has­da­ bel­en­de­ galm­a­gy­ny­ şert­len­dir­ýär.­ Il-­ul­su­my­zyň ­asu­da,­ abadan­ dur­mu­şy ­ug­run­da ­ýa­daw­syz­ ala­da­la­ry ­edip,­ Wa­ta­ny­my­zy ­ösüşl­e­riň ­röw­şen ­ýo­ly­ bi­len­ ynam­ly ­öňe­ alyp ­bar­ýan­ Mil­li­ Li­de­ri­miziň­ hem­de­ hor­mat­ly­ Preziden­ti­mi­ziň janlary­ sag,­ ömür­le­ri ­uzak ­bol­sun!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.