Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

BEÝIK AKYLDARYŇ SARPASY BELENTDE

Türkmen halky beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyny hemişe belent tutýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň dürdäne şygyrlarynyň, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň dünýä dillerine terjime edilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebi dilini baýlaşdyran nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň hakydasynda hemişelik orun aldy. Şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän gymmatlyklar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrýan ruhy taglymatlaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 Akyldaryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalar, dünýä ýurtlary tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi akyldara halkara derejede goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygy hem uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi söz ussadyna goýulýan belent hormatyň subutnamalarydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara giňişlikde ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp edip, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp eser ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň döredilip, akyldaryň şygyrlaryny wagyz etmekde uly işleri bitiren ildeşlerimiziň, daşary ýurtly alymlaryň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň bu medal bilen sylaglanylandygyny bellemek ýakymlydyr.

Üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, gündelik durmuşdaky söhbetlerden başlap, edebi eserlerimize çenli akyldar şahyryň gyzyla gaplaýmaly setirleriniň halkyň dilinde ýaşaýandygyna şaýat bolanyňda, olaryň nädereje gymmatlydygyny duýmak bolýar. Nakyla barabar agramly, manysy çuňňur setirler halk arasynda dilden-dile geçip, il-günüň içinde aýdyma-mukama öwrülip, şahyry baky ýaşadýar. Türkmende ençeme ägirtleriň, danalaryň, akyldarlaryň ýaşap geçendigine garamazdan, dünýä halklary milli edebiýatymyzy Magtymguly Pyragynyň üsti bilen tanaýar hem-de ony diňe bir şahyr däl, eýsem, öz döwrüniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini tapan jemgyýetçilik adamy hökmünde ykrar edýärler. Dünýä ýüzüniň halklary şahyryň ýiti zehininden dörän paýhasly şygyrlary dürli dillerde okap, türkmeniň sözüniň güýjüni duýýar. Şunuň özi-de şahyryň öz halkyna galdyran edebi hem-de ebedi mirasydyr. Bu miras gözüň göreji deýin goralyp saklanylmaga, içgin öwrenilmäge hem-de dünýä ýaýylmaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem beýik akyldaryň baý mazmunly pikirlerini, gymmatly mirasyny wagyz etmek ugrundaky işlere mynasyp goşant goşýarlar. Yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda akyldar şahyryň ynsanperwerlige, adalatlylyga, halallyga ýugrulan, agzybirlige we jebislige çagyrýan goşgularynyň ähmiýetini giňişleýin düşündirilýär.

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Atajan ATAJANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.