Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERIMIZIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar, belent maksatlar rowaçlanýar, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemme taraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan täze ösüşlere ýetirmekde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, ilatyň gündelik zerurlygyny üpjün etmekde netijeli işler alnyp barylýar. 

                Gülläp ösüş barada söz açylanda, ykdysadyýetiň möhüm pudaklary bolan Senagat we telekeçilik ulgamlaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde kuwwatly ykdysadyýet islendik döwletiň özygtyýarlylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir.  Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüljilikli başlangyçlaryn esasynda ýurdumyzda halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň bolçulygyny üpjün edip, milli ykdysady ösüşine goşant goşmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edýär. Bu günki gün oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarda hususyýetçiligiň paýy yzygiderli artýar. Häzirki döwürde milli haryt nyşanly önümlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda-da islegli önümleriň hatarynda orun alýar.

                Soňky ýyllarda telekeçileriň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendirji güýjüne öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetimizi uzakmöhletleýin esasda ösdürmegiň üns merkezindäki ugurlaryň biri bolup, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, azyk bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürlen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm işler durmuşa geçirilýär.

                Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.