Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY — MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny rowaçlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini ösdürmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen geňeşip çözmek türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bu ajaýyp ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Bu hakykat döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň baý tejribesine daýan Halk Maslahatynyň mejlisleriniň mysalynda hem aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan baý tejribesinden, ruhy gymmatlyklaryndan we däp-dessurlaryndan gözbaş alyp, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge halkyň gatnaşmagyny üpjün edýär. Parasatly pederlerimiziň «Ýedi ölçäp, bir kes», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» ýaly pähimleri Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy syýasy, ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň halkyň ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmaklarynda, aýratyn-da, ýaşulular bilen maslahatlaşylyp çözülmeginiň gadymy köklerden gözbaş alýandygyny tassyklaýar. Döwletli ýörelgeleriň dowam etdirilmeginiň jemgyýetiň binýadynyň berkliginiň esasy şertleriniň biridigi taryhy tejribe esasynda subut edilen hakykatdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň demokratik däpleriniň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýelemegi döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, agzybir we jebis halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgeler esasynda amala aşyrylýar.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda kesgitlenen ygtyýarlyklara laýyklykda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň syýasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar we makullaýar, kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar. Şoňa görä-de, bu guramanyň döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda aýratyn ähmiýeti bardyr.

Taryh üçin juda gysga döwürde berkarar Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýar. Diýarymyzda Alnyp barylýan asylly syýasatyň islendik ugruna seredeniňde, adam hakyndaky aladany duýmak bolýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygar esasynda raýatyň, jemgyýetiň, döwletiň arasyndaky özara baglanyşygy yzygiderli berkitmek ugrunda çuňňur oýlanyşykly çözgütler kabul edilýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri hem ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde şeýle işler has-da ýokary derejä eýe bolýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde  guralýan duşuşyklardyr wagyz-nesihat çärelerinde 24-nji sentýabrda ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolmak bilen, halk demokratiýasyny has-da dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen çözgütleri kabul etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy barada buýsanç  bilen bellenilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha belende galmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.