Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY-TÜRKMENISTANYŇ HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNIDIR

Türkmen halky beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanada ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ähli pudaklar, belent maksatlara rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň baş baýramy Garaşsyzlygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän  taýýarlyklaryň çäklerinde degişli işleri guramak, bu döwlet derejesinde geçirilýän syýasy çäräniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek, mejlise dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän işgärleri, telekeçileri hödürlemek maksady bilen welaýatymyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.

 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek  Türkmenistanyň Halk maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan tutumlaryna badalga berer. Häzirki zaman demokratiýasynyň ýörelgelerini özünde jemleýän we milli däp-dessurlara, ýörelgelere eýerlip, berkarar döwletimiziň durmuşynda möhüm aýratyn orun aljak maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşulylaryň gatnaşmagynda uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli, meseleleri çözüpdirler. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllar, atalar sözleri hem ýol ýörelge bolup durýar. «Maslahatly biçilen don, gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes»  diýlen nakyllar türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar. Oguz han atamyz döwleti dolandyranda maslahat geçirip, adamlaryň hersine özüniň başarjak işini ynanypdyr. Ol öz nesillerine bu düzgünleri berk berjaý etmegi wesýet edipdir.

   Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Döwletimiziň ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwlet talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur –ýollary  baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberine öwrülen  Halk Maslahatynyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulylar, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar Berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmekligiň jogapkärçiligini ýürekden duýup ,halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk binýadyny döretmekde  döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyny we halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen  bu forumyň ýüze çykarýan täzeliklerini, bu ýerde öňe sürülýän başlangyçlary, öňde goýulan wezipeleri halkyň arasynda giňden düşündirmekde işjeňlik görkezýärler.

Mundan beýläk halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýeleýär. Türkmen halkynyň paýhasly pederleri işlerini edil şonuň ýaly amala aşyrypdyrlar. Geçen döwürde geňeş esasan ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň sesi has täsirli eşidilýär. Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar.

      Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň wekilçiliginiň, isleg-arzuwlarynyň watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Halk Maslahaty halkyň eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine dahyllylygynyň, milli demokratik ýörelgeleriň il bähbitli many-mazmunyna çuňňur düşünmeginiň we her bir ösüş maksatlaryny bagtyýarlygyň, ynamly ýaşaýyşyň  egsilmez çeşmesi hökmünde kabul etmeginiň ruhlandyryjy daýanjydyr.

     Türkmenistanyň Halk maslahatynyň  şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek mejlisinde-de döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlener, şeýle-hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de eziz Diýarymyzyň geljeginiň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de döwrebap özgertmeleri giňden durmuşa geçirmekligiň, milli demokratiýany dabaralandyrýan çäreleriň has-da dabaralandyrmagyň, milli kanunçylygymyzy ähli umumy ykrar edilen kadalar esasynda kabul etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti tarapyndan ýaşlaryň we telekeçileriň arasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döwlet durmuşyndaky,  jemgyýetimizdäki orny hakynda birnäçe maslahatlar duşuşyklar geçirilýär. Bu geçirilýän duşuşyklar has täsirli bolup, ildeşlerimiziň watançylyk duýgusyny artdyrýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il- ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!

Enejan TÜÝLIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.