Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

ADAM HAKYNDA ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere hem-de rowaçlyklara beslenýän günlerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi hökmünde dünýä tanalan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbidine gönükdirilen beýik işler giň gerime eýe bolýar. 

Sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi hem halk bähbitli durmuşa geçirilýän işleriň has-da dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek subut eder. Halk maslahaty – beýik işleriň, döwletli ýörelgeleriň badalgasy. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähim hem bar. Ata-babalarymyzyň geňeş etmek däbiniň häzirki taryhy eýýamda has-da rowaçlanmagy milli ýörelgelerimiziň dowamata atarylýandygyny alamatlandyrýar. 

Sentýabr aýy bilşimiz ýaly, dürli medeni çärelere baý aýlaryň biridir. 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçiler. Ýüzleri şadyýanja elleri kompýuterli ýaşajyk mekdep okuwçylarynyň şatlygy eziz Diýarymyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň hem guramaçylykly geçirilmegi boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

Milli Liderimiziň zähmet rugsady wagtynda Arçman şypahanasynyň çägi boýunça gezelenç edip, olara Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýeti kemala getirmekde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleriniň gymmaty egsilmezdir. Çeper döredijilige belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda beýik söz ussadyna berilýän ýokary bahadan hem muny aýdyň görmek bolýar. 

Belent maksatly tutumlar sagdynlygyň ruhubelentligiň hem-de bagtyýarlygyň mekanynda has-da rowaçlanýar. Adam hakyndaky aladanyň, aýratynam, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iň gowy zatlaryny çagalaryna bagyş edip bilmek halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Paýtagtymyzda şu ýylyň 19-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» kompaniýasynyň bilelikde guramagynda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär» diýip bellemek, bilen ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada aýratyn uly üns berilýändigini nygtaýar. Ýeri gelende bellesek, şeýle görnüşde geçirilýän sergi-ýarmarkanyň şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigini aýtmak gerek. Halkara sergi-ýarmarkada çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalar öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Bu bolsa çagalar üçin iň gowy zatlaryny bagyş edip bilýän halkymyzyň milli ýörelgeleriniň häzirki wagtda döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyldan bäri ak mekdebe okuwa barjak birinji synp okuwçylara «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň öňýanynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, welaýatymyzyň bilim edaralaryna «Bilimli» atly noutbuklaryň gelip gowşandygyny bellemek gerek. Ýeri gelende bellesek, 2024-2025-nji okuw ýylynda welaýatymyzyň orta mekdeplerine 34 müňe golaý okuwçynyň gelmegine garaşylýar. 

Täze taryhy eýýamyň batly gadamlary adam hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimize laýyklykda, adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maksut TORAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.