Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY BOLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowamat-dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzy çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmekde ýokary netijeler gazanylyp, döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda bitirilýän işlerem guwandyrýar. 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy ýylsaýyn täze belentliklere çykýar. Türkmenistanyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. 

Mälim bolşy ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewiligi we sazlaşygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegini, eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyny şertlendirýär. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanyljak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini aýtdy. Döwletimiziň we jemgyýetimizde durmuşynda möhüm waka boljak bu umumymilli foruma häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda giň wekilçilikli bu forumy çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan jogapkärli wezipeleri halkymyzyň wekilleri bilen ara alnyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen bähbitli çözgütleri kabul etmegiň bu günki gün asylly däpleriň birine öwrülendigi guwandyrýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri häzirki wagtda täze, döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Giň wekilçilikli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garalar we degişli çözgütler kabul ediler. Şol taryhy çözgütler hormatly Prezidentimiziň kabul eden Maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.

Şu günler Garaşsyz döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine düýpli taýýarlyk görülýär. Şeýle çäreleriň maksady bolsa, jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm wakany guramaçylykly geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda partiýamyzyň Mary welaýat komitetinde-de taýýarlyk işleri talabalaýyk ýola goýulýar. Umumymilli forumyň maksadyny we ähmiýetini telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat etmek häzirki wagtda wajyp wezipelerimiziň biri. Biz öňde durýan meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşip, möhüm işe saldamly goşant goşmaga çalyşýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakasy boljakdygy guwanjymyza guwanç goşýar. 

Myratgeldi Annaöwezow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.