Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TELEKEÇILERIŇ IŞLERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususyýetçileriň ornuny düýpli ýokarlandyrmak, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hususy ulgamyň maliýe taýdan goldanylmagyna, telekeçilere ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegine, hususy telekeçiligi kanunçylyk taýdan mundan beýläk-de goldamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi» diýmegi hem güwä geçýär. Elbetde, daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynda eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak we import edilýän harytlaryň bolsa öwezini dolmak hem-de olaryň önümçiliklerini öz toprak-howa şertlerimize laýyklykda ýola goýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi, döwletimiziň ykdysady gurluşynda milli telekeçiligiň, hususy sektorlaryň mynasyp orny eýelemegine ýol açdy.

Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda her bir adamynyň öz ukyp başarnyklaryna görä, telekeçilik işini durmuşa geçirmegine, işewür hereket etmegine hemaýat berýän amatly şertler döredildi. Döwletimiz tarapyndan giň möçberde goldanylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimizde telekeçiligiň orny barha ýokarlanýar. Telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysadyýeti sagdynlaşdyrýar, onuň durnukly ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda telekeçilik işi mynasyp ornuny eýelemek bilen, ynamly öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşy, kämil hünärmenler, Watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

      Türkmen telekeçileri içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ol köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde häzir ileri tutulýan ugurdyr. Onuň ýer bölekleri dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda miweleri we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde bölünip berilýär. 

        Türkmen telekeçileri görnüşleri hemişe artýan önümleriniň eksporty babatda mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýarlar. Oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma pudagynyň önümleri hem-de dürli azyk harytlary eksport ugurly harytlaryň düzümine girýär. Eksport edilýän senagat harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum goýatmasy, penopolistirol, polipropilen haltalary, suwuk senagat garyndysy, akkumulýator batareýalary we beýlekiler agdyklyk edýär.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl pudagynyň köptaraply ösüşini kesgitleýän guramaçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi, ony ösdürmäge ýardam berilmegi işewürleri has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Özlerine bildirilýän belent ynama jogap edip, mynasyp işleri bitirýän telekeçilerimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýdýarlar. 

Arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, ýurdumyz mundan beýläk hem uly ösüşlere beslensin!

Ogulbäbek Nurgulyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş buhgalteri.