Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

HALK MASLAHATY — MILLI JEBISLIGIŇ NYŞANY

Esasy Kanunymyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmagyň, döwleti sazlaşykly ösdürmegiň esasy ulgamlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny milli garaýyşlara, döwrüň şertlerine görä kämilleşdirmekde uly tejribe toplanyldy. Garaşsyzlygyň 33 ýylynda asyrlara barabar ösüş gazanylyp, Watanymyzyň abraýy beýgeldi hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ep-esli ýokarlandy. Bu gün Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän özgertmeler syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri milli garaýyşlary häzirki zaman şertleri bilen utgaşykly ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem möhüm ähmiýeti bardyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine ygrarly bolup, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş döwlet hökmünde uly abraýa eýedir. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasy ugrunyň maksatlaryny, durmuş-ykdysady ösüş ýollarynyň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini jemgyýetçilikde giňden wagyz etmekde hem Halk Maslahatynyň orny uludyr. Çünki yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen umumymilli forum gazanylan ösüşlere baha berip, geljekki derwaýys wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik bermekde ähmiýeti uly gurluşdyr. Watanymyzyň ähli taryhy ösüş pursatlarynda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalyp, döwlet, jemgyýetçilik durmuşyny ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň milleti jebisleşdiriji we täze üstünliklere ruhlandyryjy güýjüne çuňňur düşünýän Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumyň belent maksatlara ýetmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berip, bu ugurda taryhy özgertmeleriň tutuş tapgyryny durmuşa geçirdi. Şeýle işleriň netijesinde döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň ygtybarly ýoluny esaslandyryldy. Milli Liderimiz bu barada: “Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksadynda hem ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ýokary derejede amala aşyrmak esasy orunda durýar” diýip belleýär.

Halk Maslahaty mazmun taýdan ata-babalarymyzyň jemgyýetiň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmekde kethudalary, akyldar, ylymly geňeşdarlary jemläp, olaryň pikir-garaýyşlaryny diňlemek we seljermek esasynda netijä gelmek ýörelgelerine esaslanýar. Munuň özi halkymyzyň özboluşly demokratik ýolunyň kemala gelmegini şertlendirýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň diňe bir döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik aňyna oňyn täsir etmekde, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde hem aýratyn ornunyň bardygyny ynamly aýtmak bolar.

Ählihalk forumy nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykaryp, ony halkymyzyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da ösdürýär. Jemgyýetiň öňünde durýan wezipeler babatda halk wekillerine sala salynmagy, dürli ugurlarda zähmet çekýän raýatlaryň pikirleriniň we teklipleriniň diňlenilmegi halkyň jebisligini berkidýär. 

Milli Liderimiziň halkyň agzybirligi baradaky paýhasly pikirleriniň durmuşda anyk beýanyny tapmagy babatda-da Halk Maslahaty möhüm orny eýeleýär. Halkymyzda millet bolup ýaşamagyň esasy sütüni hasaplanýan agzybirlik Oguz hanyň, beýik Magtymguly Pyragynyň hem-de taryhda öçmejek yz goýan beýleki görnükli şahsyýetleriň ündäp gelen gymmatlygydyr. Şeýle asylly ýoluň dowam etdirilmeginde Halk Maslahatynyň mümkinçilikleri uly orun alýar. Oňa ähli welaýatlardan, etrap-şäherlerden wekilleriň, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň döwletiň ösüş ýollary, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde göz öňünde tutulýan belent maksatlar hakyndaky pikir-garaýyşlaryny diňlemegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugur-ýollaryna içgin göz ýetirmekleri, ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda görnükli orun alýan tutumly işler bilen ýakyndan tanyşmaklary millet derejesinde türkmeniň at-abraýynyň dünýäde belende galmagyna ýardam berýär. Çünki halk, jemgyýet agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asuda bolýar. 

Agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini täze taryhymyzyň şöhratly ösüş ýolunyň ýene bir altyn sahypasyna öwürmek beýik zähmet ýeňişlerini gazanýar. Munuň özi Garaşsyzlygyň şöhratly döwrüniň belent maksatlarynyň myradyna gowuşýandygyna buýsanjyňy artdyrýar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň barha gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri has-da rowaç alsyn!

Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.