Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halk bähbitli birnäçe beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler, belent maksatly tutumlar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň uly orny bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek bellenildi. Häzirki wagtda umumymilli foruma taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Halkymyzda «Geňeşli il – döwletli il» diýen dana pähim bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek däbiniň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Döwletli maslahatyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňýanynda geçirilmeginde hem çuňňur many bardyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny berkitmekde, milli demokratik däplerimizi pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti örän uludyr.
Ata-babalarymyzyň geňeş etmek, sala salmak ýaly döwletli ýörelgeleri halky belent maksatlara, uly üstünliklere ýetiripdir. Merdana pederlerimiziň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen parasatly pähimi hem şundan gözbaş alýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň hukuk esaslary kämilleşdirilip, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipeleri kanun esasynda berkidildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine, kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleri hem kesgitleýär. Bu bolsa döwleti dolandyrmakda halkyň erk-isleginiň nazara alynmagyny we durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge şert döredýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk binýadynyň berkidilmegi berkarar döwletimizde raýat jemgyýetiniň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Halk häkimiýetiniň dabaralanmagynda we pugtalandyrylmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şanly ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty beýik ösüşlerimiziň, ýeňişlerimiziň badalgasydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň rowaçlanýan döwründe Halk Maslahaty jemgyýeti jebisleşdiriji, birleşdiriji güýje eýedir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ýörelgesine öwrülen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny hem-de kabul edilen milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde aýgytlaýjy ädime öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi taryhy wakalaryň birine öwrüler.
Ýurt ösüşiniň şanly ýyllarynyň biri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň birine öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler kabul ediler. Bu bolsa halkyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleriň täze tapgyryna badalga berer.
Her bir işde öz halkyna daýanyp, döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza şu ajaýyp pursatda welaýatymyzyň bagtyýar ilatynyň adyndan çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris.
Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksut Toraýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.