Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETLILIGIŇ KÄMIL NUSGASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda mynasyp ýörelgä öwrüldi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde, demokratiýa, hukuk we döwletlilik ýaly özara sazlaşykly, biri-biriniň üstüni ýetirýän, berk sütünli, çuň manyly ýörelgelere daýanýan döwlet syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň we gymmatlyklaryň hatarynda halkyň we Watanyň birligi öňe çykýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem şol birligiň hakykat ýüzünde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek ugrunda ähmiýetli işleri amal edýär. Aslynda-ha, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň baş maksady we esasy wezipesi “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda bellenilşi ýaly, döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek bolup durýar.

Türkmenistan geçmişi şöhratly, şu güni beýik ösüşli, kuwwatly, geljegi berk binýatly döwlet. Bu beýik döwletde belent maksatlar, Watanyň, halkyň bähbidini araýan döwletli tutumlar durmuşa geçirilýär. Häzirki taryhy döwrümizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe halka ýakyn bolup, “Halkyň ýoly - Hakyň ýoly” diýip, ykbalyny Watanyna, halkyna, milletine, onuň şu gününe we ertirine baglap, ýurtda uly işleri durmuşa geçirmek bilen bagly döwletli işleri halk bilen geňeşmek, ilatyň tekliplerini seljermek, döwletli çözgütleri çykarmak ýaly asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygyna aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlete, halka dahylly belent maksatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Munuň Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet  diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygarynyň esasynda amala  aşyrylýan düýpli özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly, ynsanperwer we demokratik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik esaslary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkidilýär. Halk häkimiýetini pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetiň syýasy ulgamy barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär.

Ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Maslahat köşgünde geçiriljek döwletli Maslahatda täze taryhy döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek,  şeýle-de, ýurdumyzyň ählumumy ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleri bilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlar we döwletli çözgütler kabul ediler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine hem-de döwürüň talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda jemgyýetçilik gatnaşyklarny düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary bilen bilelikde  wagyz-nesihat çärelerine, ýerlerde geçirilýän maslahatlarda gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň  öňde goýýan giň möçberli wezipeleriniň taryhy  ähmiýetini ilata düşündirilýär. Halk Maslahaty  ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirlen wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde yzygiderli işleri alyp barýar. 

Halkymyzyň, bagtyýar eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan   beýläk rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.