Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni uly tutumlara beslenýär. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa aý-günler bolsa toý-baýramlara utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyz bagtly döwürde ýaşaýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi. Ykdysady taýdan özbaşdaklyk we ýaş telekeçileri höweslendirmek hem-de goldamak ýaşlar baradaky syýasaty esasy maksatlarydyr. Şeýle hem, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmekde, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli, önümleri öndürmekde hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işlerde telekeçilerimiziň öňünde uly wezipeler durýar ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, telekeçiligi guramagyň hem-de hyzmatlary etmegiň häzirki zaman usullary kemala geldi.
Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berilýän üns döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Telekeçiligiň ösdürilmegi, ilkinji nobatda, gürrüňsiz, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyna, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsleşigiň artmagyna, bazarda önüm bolçulygynyň döredilmegine ýardam edýär, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrýar. Türkmen telekeçileri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürip, şol önümler bilen halkymyzy elýeterli bahadan üpjün edýärler. Öz önümlerini daşary ýurt bazaryna çykarýarlar.Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň strategiýasynda telekeçilikdir hususyýetçiligiň ösüşine möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümiň aglaba bölegini öndürip, önümleriň täze görnüşlerini hödürlemäge çalyşýarlar, maksada okgunly hereket edýärler. Döwletimiziň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda alanyňda, telekeçilik esasy hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, erjel, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär. Döredilýän şunuň ýaly giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak bilen, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýlelikde bolsa, köpugrly ösüş arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçilerimiziň eýeleýän sepgitleri guwandyrjydyr. Şol bir wagtda, türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri içerki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak bilen bilelikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda öz mynasyp ornyny tapyp, hususy pudagyň daşary ýurtlara önüm bermek mümkinçiliginiň has-da artýandygyna doly şaýatlyk edýär. Şu pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçilere giň ýol açýan we beýik işleri durmuşa geçirýän
Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Akbäbek Gulesenowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.