Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň üns merkezinde. Geçen ýyllarda döwletimiz öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etmegi başardy. Hormatly Prezidentimiz diňe halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Ol teklipler parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna ýardam berýär. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi, şeýle hem bu dünýä bileleşiginiň çözgüdi esasynda 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyndan habar berýär.
“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýyny we ornuny has-da berkitmäge oňyn täsirini ýetirdi” diýip nygtaýan Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ata Watanymyz Türkmenistanyň üstümizdäki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň – Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwür üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym hem tehnika boýunça komissiýanyň agzalygyna 2021-2024-nji ýyllar döwür üçin saýlanmagy hem guwançly waka boldy.
Hemişelik Bitaraplygymyz munuň özi jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň, şol sanda dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatymyzda esasy ýol görkeziji bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyna eýerip, ösüş ýoly bilen öňe barýandygy, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslandyrýandygyny buýsançly nygtamagy bolsa - munuň aýdyň kepilidir.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek ýylynyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýip atlandyrylmagy hemişelik Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz artdyrýar. Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatymyzyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän Bitarap döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Baýramlaryň şanyna geçirilýän dürli derejeli medeni çärelerdir dabaraly maslahatlar bolsa maksada okgunlylygy we täsirliligi bilen tapawutlanýar. Biz hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bolup, ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklaryň şanyna buýsançly çärelerdir maslahatlary giň gerimde ýaýbaňlandyrýarys. Şu günler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalýan çäreler hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Pursatdan peýdalanyp bolsa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has pugtalandyrýan we ony ýokary derejelere çykarýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.
Baýmyrat TUWAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri