Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Bitaraplyk – bagtymyzyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň ilkinji we baş şerti täze taryhy eýýamyň asylly maksatlaryndan ruhlanýan halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde sebitde we dünýäde parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak, halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryny berkitmek ýaly başlangyçlary aýratyn bellemek bolar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýmaga, döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa abadançylygyny döretmek, parahatçylygy has-da pugtalandyrmak ýaly ugurlar ýurdumyzyň amala aşyrýan işleriniň esasyny düzýär. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz «Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan gymmatlykdyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, baky Bitaraplygymyz umumadamzat parahatçylygyna uly goşant goşýar.

Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň ösüşli ýoluny rowaçlyklara besledi. Şonuň üçin hem Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde düýpli üstünlikleri gazandy we halkara giňişliginde mynasyp orna eýe boldy.

Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 26 ýyl bolýar. Bu şanly baýramçylygyň bellenilýän ýyly hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu möhüm başlangyç ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen bilelikde bütin dünýäde asudalygyň we ylalaşygyň bähbidine ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam berýändigini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän şeýle ynsanperwerlik syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem doly goldanylýar.

Ata Watanymyzda höküm sürýän syýasy durnuklylyk raýatlarymyzyň azat-erkana durmuşyny, päk zähmetini, ýaş nesillerimiziň yhlasly okamagyny üpjün edýär. Şeýle bagta eýe eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýram Çaryýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmeni