“Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns, uly ähmiýet berilýär. Ählimize belli bolşy ýaly her ýylyň iýun aýynyň 12-ne ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.
Bilime, sowatlylyga, akyl-paýhasa, uly sarpa goýýan halkymyzyň “Bir okana bar, bir-de - dokana”, “Bilegi güýçli birini, bilimi güýçli müňini ýykar” diýen pähimli sözleri ýaş nesliň ylym-bilme höwesiniň artdyrmagyna itergi berýär. Ylym-bilime uly üns berýän ýurdumyzda, döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmeginde, geljek nesile öz milliligimizi siňdirmeklikde ylmyň we bilimiň tutýan orny ulydyr. Munuň şeýledigine beýik türkmen şahsyýetleriň bize galdyryp giden taryhy çeşmeleri şaýatlyk edýär.
Tutuş ömürlerini ylym-bilime bagyşlan türkmen alymlary we ýazyjylary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Lukman Hekimiň, Omar Haýýamyň, Ferdöwsiniň, Al-Farabynyň bütin adamzady ýagşylyga, akyl-parasat ummanyna, ylma, edep-ahlak päkligine ugrukdyrýan goşgylary we ideýalary türkmen halkynyň we tutuş dünýä ynsanlarynyň kalplarynda, aňynda ömürlik ýaşap, gadry günsaýyn artýar. Olaryň gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy, ruhy-ahlak gatnaşyklaryna oňyn täsir eden ylmy tejribeleri, golýazmalary watançylyga we ynsanperwerlige gönükdirilen edebi-şygyr döredijiligi ählimiz üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda ýaňy ýakynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, “Magtymguly” atly kitabyň çapdan çykmagy we bu kitabyň ilkinji sanynyň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Gahryman Arkadagymyza iberilmegi, onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen saýlama goşgularynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine uly ünsüň berilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Dünýäniň ylym-edebiýat ägirtleriniň biri bolan, türkmeniň pähim-parasatly halkdygyny dünýä tanadan Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgylaryny näçe köp okaldygyça, ynsan köňüllerine saçýan şuglasy artýar. Beýik Pyragynyň: “Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr” diýen öwüt-ündewli goşgy setirleri her-bir adamy pähim-parasatlylyga, sagdyn durmuşa, arassa ahlaklylyga, her-bir adamyň dünýägaraýşyna aň-paýhasly çemeleşmäge çagyrypdyr.
Häzirki döwürde ylymyň-bilimiň ösmegi ugrunda dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlary bilen bäsleşýän diýarymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda sanardan köp işler amala aşyrylýar. Bu gün türkmen ýaşlary özleriniň ýiti zehinleri bilen dünýäniň ähli ýerlerinde tanalýar. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz zähmeti, atalyk aladalary bar.
Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimizde ylym-bilimiň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Zerhal Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.