Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Ýaşlar - Watanymyzyň beýik geljegini gurujylary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni-mirasy ylmy esasda öwrenilip ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti uludyr.

        Ýüz ýyllyklaryň dowamynda ýaşlaryň halkymyz tarapyndan döredilen milli gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bu ugurda maddy-tehniki binýady berkidýän çäreleri durmuşa geçirmek bilen birlikde, degişli kanunlar, maksatnamalar, konsepsiýalar kabul edilýär.

        Hormatly döwlet baştutanymyz “Ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredýäris” diýip belleýär. Bu döredilýän beýik işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şoňa göräde ýurdumyzda taryhy we medeni-mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

         Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmeniň adyny dünýä derejesine göteren danadyr. Beýik akyldar şahyrana eserleri bagtyýar geljege ynam döredip, türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini üpjün edýär. Şonuň üçin dana şahyryň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün adamzadyň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi. Şeýle hem ata - babalarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp gelýän edim-gylymlary, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, agzybirlik ýaly paýhas pähimleri özünde jemleýän, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini  ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen  beýik alym şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan watançylyk, türkmen tebigatyň gözelligi, milli däp-dessurlar, edep-terbiýe, dost-doganlyk dogrusynda, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdandan ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirlen giň gerimli taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň netijelerini we parahatçylyk hem ynsanperwerlik gatnaşyklaryny işeňňirleşdirmek ugrunda nusgalyk işleri we türkmeniň gadymy hem nusgawy däp-dessurlarynda beýik ynsanperwerlige uly sarpasy barada bolup “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede ýaýbaňlandyrmak hem-de beýik söz ussadynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün akyldar şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň    hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Annaberdi Hydyrow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatyň Bereket etrap komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.