Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy

Her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň islegine, haýyşyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine, söze-söhbede, akyla-aňa, çuňluga goýulýan bimöçber hormatyň nyşany boldy.

          Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreleri: ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary, dürli döredijilik çärelerini, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, onlaýn tertipde ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň jöw­her paý­ha­sy­ny siň­di­ren şy­gyr­la­ryn­da yn­san­per­wer­li­ge uly üns be­rip­dir. Akyl­dar be­den sag­dyn­ly­gy­ny, güýç­lü­li­gi mert ýi­gi­diň ze­rur sy­pat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lap, öz döw­rü­niň mert, ba­tyr ýi­git­le­ri­ni wasp edipdir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dur­mu­şyň agyr pur­sat­la­ryn­da ejiz­le­män, oňa mert­lik bi­len döz gel­me­li­di­gi­ni, gö­reş­me­li­di­gi­ni ün­de­ýär. Şahyryň dün­ýä ha­kyn­da­ky oý­lan­ma­la­ry äh­li çuň­lu­gy we da­na­ly­gy bi­len dö­re­di­ji­li­gi­ne si­ňip­dir. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden işin­de belent derejelere ýetip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dyr. Wa­tan­sö­ýü­ji­lik te­ma­sy be­ýik şa­hy­ryň eser­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çýär. Şa­hyr ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň halkyň içindedigine dü­şün­ýär, şo­nuň üçin hem ol Wa­ta­nyň üs­tü­ne howp aba­nan wag­ty, ola­ra ýüz tu­tup, iliň-günüň ar-na­my­sy­ny go­rap sak­la­ma­ga bü­tin türk­men hal­ky­ny ça­gyr­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň «Türk­me­niň», «Gür­ge­niň», «Gök­leň», «Türk­men bi­na­sy», «Ili göz­lär», «Bi­lin­mez» ýa­ly en­çe­me goş­gu­la­ry onuň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­niň be­lent mer­te­be­si­ni gör­kez­ýär.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­ýik şa­hy­ryň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezemegi başaran türkmeniň akyldar ogludyr. Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Munuň şeýledigine akyldaryň şygyrlary doly güwä geçýär. Aslynda-ha, Magtymguly şahyryň döredijiligini ylym taýdan derňeýänleriň aýtmaklaryna görä, onuň şahyrlyk derejesiniň ýokary bolşy ýaly, alymlygy hem örän ýokarydyr. Şol sebäpli onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, gözelligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Bu häzir hem şeýle. Şundan ugur alsak, onda «Magtymguly ähli döwürleriň şahyrydyr» diýen jümle juda ýerlikli aýdylandyr.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigat, tebigy hadysalar, düşünjeler bilen bagly setirler onuň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Älemiň, ýyldyzlaryň, saýýaralaryň (planetalaryň), şol sanda Zeminiň, suwuň, topragyň, daglaryň döreýşi (filogenezi) we üýtgeýşi (ewolýusiýasy), bakylygy, tebigatyň kada-kanunlary, kada laýyklyklary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän şygyrlary akyldarymyzyň örän köp ylymlardan baş çykarandygyna şaýatlyk edýär.

Galaktikanyň bir çetinde hereket edýän Gün ulgamyny, onuň saýýaralarynyň näçedigini Magtymguly şahyr mundan birnäçe asyr öň takyklyk bilen aýdyp bilipdir. Ynha, şu setirler hem onuň şeýledigine doly güwä geçýär: «Magtymguly sözleýir dokuz pelek Zöhresi, ýedi ýyldyz gardaşy Aýyň, Günüň parasy». Häzirki zaman astronomiýa ylmy Älemiň dokuz sany saýýaradan ybaratdygyny doly tassyklaýar. Olar Merkuriý, Zöhre (Wenera), Ýer, Myrryh (Mars), Müşderi (Ýupiter), Keýwan (Saturn), Pluton, Uran, Neptun. (Emma häzirki wagtda 8 sany planeta hasaba alnan. Pluton 2006-njy ýylyň 24-nji awgustynda planetalaryň sanawyndan aýryldy).

Magtymguly bahar paslynyň, Nowruzyň gelmegi bilen topraga ýyly ýöräp, «ebrleriň» owazyndan soň ýagyş-ýagmyrdan topragyň ganýandygyny, ot-çöpleriň dürterip, «bijanlaryň» jana gelip, ýaşyl maýsa öwrülýändigini, bu hadysalaryň hemmesiniň tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bolup geçýändigini «Duman peýda» şygrynda çeper beýan edýär: Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda.

Nowruz täze durmuşyň başlangyjy bolup, tebigatyň janlanmagynyň wagtynyň gelip ýetendigini görkezýän alamatlary özünde jemleýär. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşmegi, howanyň gije-gündizki maýyllygynyň durnukly derejelere geçmegi bilen, tebigatda uly özgerişlikler başlanýar. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi mazmunly şygyrlaryndan ugur alsak, şahyr tebigatdaky hadysalara ynsan häsiýetleriniň galypyna salyp, tebigy sazlaşygy döredýär.

Jandarlaryň arasynda özüniň ömür dowamlylygy bilen beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýanlary bar. Şolaryň arasynda gulanlar örän uzak ýaşaýan haýwanlaryň hataryna girýär. Edil gulanlar ýaly, gargalar hem uzak ýaşaýarlar. Muny Magtymguly Pyragy «Ýaraşmaz» diýen goşgusynda şeýle belleýär: Çölde gezen garga bilen gulana Ýedi ýüz ýyl ýaşaman ölmek ýaraşmaz.

Pursatdan peýdalanyp bize ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden öz hoşallygymyzy  bildirýäris. Goý, olaryň jany sag bolsyn, başy dik bolsyn. Il ýurt döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn.

Şemşat Baýramgeldiýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň müdiri.