Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Bagtyýarlygyň gözbaşy saglykdyr

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Örän gys­ga dö­wür­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de iň hä­zir­ki za­man, ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry otur­dy­lan, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän has­sa­ha­na­lar, ke­se­li anyk­la­ýyş mer­kez­ler, türk­men top­ra­gy­nyň der­de der­man ösüm­lik­le­rin­den der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hem­me ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da sag­ly­gy go­ra­ýyş­da-da tä­ze ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýär.

Türk­men te­bi­ga­tyn­da hiç bir zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak en­çe­me der­man­lyk ösüm­lik­ler ös­ýär. Türk­men halk luk­man­çy­ly­gyn­da peý­da­la­nyl­ýan şeý­le ösüm­lik­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn yg­ty­bar­ly öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şol se­bäp­li-de, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy kä­mil­leş­di­rip, türk­me­niň mil­li gym­mat­ly derejesine ýe­ti­ri­len halk luk­man­çy­ly­gyn­da ula­nan ösüm­lik­le­ri­niň dür­li der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri we aý­ra­tyn­lyk­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gy­nyň dün­ýä tej­ri­be­sin­de ga­za­ny­lan­la­ry üs­tü­ne goş­mak bi­len, kök­le­ri­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan türk­me­niň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly yl­my işi­ni, ola­ryň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri­ni «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy-ensiklopedik ki­tap­la­ry­nyň üs­ti bi­len türk­men hal­ky­na ýe­tir­ýär.

Yn­ha, ýa­kyn­da ýe­ne-de bir şat­lyk­ly, ta­ry­hy wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­duk. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly ese­ri­niň ХIII jil­di ne­şir edil­di. On­da mil­li luk­man­çy­lyk mi­ra­sy, şol san­da onuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly eziz Di­ýa­ry­myz­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler dün­ýä­sin­dä­ki en­de­mik we seý­rek duş gel­ýän tä­sin der­man­lyk ösüm­lik­le­ri­niň 120-si ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Ki­tap 2 bap­dan — der­man­lyk ösüm­lik­le­riň hä­si­ýet­na­ma­syn­dan we mag­lu­mat­na­ma­dan yba­rat. Ki­tap­da be­ýan edil­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler Türk­me­nis­ta­nyň şy­pa­ha­na­la­ryn­da be­jer­gi al­ýan adam­lar üçin örän peý­da­ly bo­lar. Ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek­de şy­pa­ha­na­lar­da­ky ýer­li be­jer­gi­le­riň ara­syn­da der­man­lyk ot­lar­dan peý­da­la­ny­lan­da, adam sag­ly­gy­na has-da go­wy tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy-ensiklopedik ki­tap­la­ry türk­men, rus, iň­lis dil­le­rin­de ne­şir edi­lip, türk­men te­bi­ga­ty­nyň ösüm­lik­ler dün­ýä­si­niň yn­san­la­ra şy­pa be­ri­ji der­man­lyk hä­si­ýe­ti­ni yl­my taý­dan esas­lan­dyr­ýar hem-de be­je­ri­ji­lik äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýär. Türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­riň halk luk­man­çy­ly­gyn­da müňlerçe gör­nü­şi peý­da­la­nyl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ki­ta­by­nyň mak­sa­dy luk­man­çy­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne, der­man­lyk çig mal­la­ry taý­ýar­la­ýan­la­ra, ýyg­naý­jy­la­ra we ösüm­lik dün­ýä­si bi­len iş alyp bar­ýan äh­li adam­la­ra der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­daky bi­lim­le­ri­ni baý­laş­dyr­mak, ösüm­lik­le­riň daş­ky gur­lu­şy, ösüş şert­le­ri, hi­mi­ki dü­zü­mi, luk­man­çy­lyk­da peý­da­la­ny­ly­şy, ýyg­na­ma­gyň möh­le­ti hem-de usul­la­ry, sak­la­ma­gyň düz­gün­le­ri dogrusyndaky yl­my mag­lu­mat­la­ry ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar.

Türk­men top­ra­gyn­da ýa­şan bel­li te­bip­ler we alym­lar Abu Ali ibn Si­na­nyň, Abu Reý­han Bi­ru­ni­niň, Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li­niň, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­me­niň, Abu Ha­nif Di­na­wa­ryň we Mu­ham­met Hu­seý­niň nus­ga­wy eser­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de ös­ýän der­manlyk ösüm­lik­ler ba­ra­da­ky be­ril­ýän mag­lu­mat­lar has gym­mat­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň tä­ze ese­ri oky­jy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na, ösüm­lik dün­ýä­si­ne we ola­ryň adam sag­ly­gy üçin mö­hüm­di­gi­ne has oňat dü­şün­mä­ge kö­mek ed­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň mel­hem­lik, ja­na te­ne­kar ösüm­lik­le­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­ýän bu gym­mat­ly ki­tap hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni