Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

AÝDYŇ MAKSATLAR BILEN BELENT SEPGITLERE

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwrüniň her-bir güni şanly wakalara, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

         Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, Türkmenistan Döwletimiz “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe özüniň ykdysady-durmuş özgertmeleri, öňe sürýän halkara ähmiýetli, döwrebap taslamalary bilen dünýäde mynasyp oruna eýe boldy. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýan, ata Watanymyz Türkmenistan jemgyýetçilik-syýasy taýdan durnukly ösen, ygtybarly we hyzmatdaş döwletleriň hataryna öwrüldi.  

          Ata kesbini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dünýä nusgalyk işleriň sakasynda abadan diýarymyzda şanly wakalar, dabaraly açylyşlar, halkara derejedäki forumlar biri-birine ulaşýar. Taryhy özgertmeler bilen başlanan 2024-nji ýylda Lebap welaýatynyň ruhubelent hususyýetçileri ýadawsyz zähmet çekip, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlerine gönükdirilen, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Ählimize belli bolşy ýaly, bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň Lebap welaýatyna Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň şa gadamy düşdi. Gahryman Prezidentimiziň Lebap welaýatyna gelmegi ähli ildeşlerimiziň ýürek joşgunyny has-da artdyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin niýetlenen desgalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa uly üstünlikler bilen gelen ýylymyzda  taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň gurmagynda, ýylda bir million tonna sement öndürmäge ukyply sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginde “Asuda  akym” hojalyk jemgyýetiniň gurmagynda “Şir ýag” haryt nyşanly sintetiki awtomobil çalgy ýaglaryny öndürýän kärhananyň şeýle-de Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda “Nusaý ýollary” hususy kärhanasynyň gurmagynda 4 gatly, 18 öýli, birinji gaty ähli amatlyklary bolan söwda merkezi ýerleşdirilen iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza peşgeş berilmegi halkymyzyň bagtyna bagt goşdy. 

 Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň telekeçilik başarnyklaryna we üstünliklerine ýokary baha berip, 2024-nji ýylda hem telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw-hemaýatlaryň beriljekdigini öz taryhy çykyşynda belläp geçdi. 

Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy oýlanşykly ykdysady hereketler, senagat, ulag-aragatnaşyk, düýpli gurluşyk, jemagat hyzmaty ýaly möhüm ugurlarda toplanan baý tejribeleriň, adam maýasynyň döredijilik başarnygynyň ýerlikli peýdalanylmagy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

         2023-2024-nji ýyllaryň dowamynda welaýatymyzyň hususyýetçileri tarapyndan bir-näçe medeni-durmuş binalary gurlup ulanylmaga berildi. Ýagny, Köýtendag etrabynyň Megejik obasynda 790 orunlyk, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginde 500 orunlyk, Çärjew etrabynyň Zergär geňeşliginde 600 orunlyk, Çärjew etrabynyň Farap şäherinde 960 orunlyk, Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600 orunlyk, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 500 orunlyk döwrebap orta mekdepleri, Kerki etrabynyň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagy gurlup halkymyza ulanmaga berildi. 

         Şeýle-de Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki 150 orunlyk, Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki 154 orunlyk hassahanasynyň durky täzelendi. 

         Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy bekedi, Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgasy gurlup halka hyzmat etmeklik üçin tabşyryldy. 

         Şeýle-de, Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 50 000 tonna gurluşyk garyndy materiallaryny öndürýän kärhanasy, ýaşaýyş jaýlary we başga-da birnäçe medeni durmuş maksatly binalar, desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, çagajyklarymyzyň ýagty ertiri şöhlelenýär. 

          Bize şeýle, asuda asmanly parahat diýarymyzda halal zähmet çekmek, döretmek, öndürmek üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy aýdýarys!       

        Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda taýsyz tagallalar edýän, Döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belent derejelere ýetirýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdan Nowruzow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.