Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalary ägirt uly güýje öwrülýär

28-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda söwda toplumy boýunça «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz işler dogrusynda çykyşlar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm özgertmeler, taryhy ähmiýetli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny öz içine alýan ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilip hem de düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen «Türkmenistany 2024 nji ýylda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak hem-de bu ugurda hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça kesgitläp beren anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, şu ýylyň döwlet býujetinden uguralnyp taýýarlanyldy we onda 2024-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2024- nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek üçin kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek babatyndadyr. Şeýle de bu maksatnama ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek hem de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek we ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak dogrusyndadyr. Senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyzda döwlete dahylsyz bölegiň ösüşini höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek ýaly ugurlar esasy maksatlaryň hatarynda ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9 - njy fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, täze kabul edilen bir ýyllyk Maksatnama laýyklykda, 2024-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, ilatyň girdejilerini artdyrmak we ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024 nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» hususy pudagyň hem öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda özleşdirmek işleri alnyp baryljak 157 sany taslama boýunça jemi 1 milliard 567 million 711 müň manat möçberde maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutuldy. Taslamalaryň 101 sanysy oba hojalyk, 10 sanysy azyk senagaty, 30 sanysy et süýt önümçiligi, 13 sanysy senagat ugurly, 1 sany ýol gurluşyk we 2 sanysy medeni - durmuş maksatly taslamalar bolup durýar. Şunda maýa goýumlaryň esasy bölegi «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Mary—Türkmenabat» böleginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy boýunça maksat edýär. Şeýle-de 2024- nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawynda göz öňünde tutulan 53 sany binanyň we desganyň 43 sanysynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary potratçy hökmünde çykyş edip, olar tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Bu desgalaryň hem işe girizilmegi bilen, döwrebap önümçilikler, ösen hyzmatlar we ýüzlerçe täze iş orunlary dörediler. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli iri desgalar bolan Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerasty awtoduralgaly söwda, medeni dynç alyş we işewürlik merkezini, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda 8 sany edara ediş we söwda maksatly binalary, «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, ýurdumyzyň welaýatlarynda beýleki önümçilik we hyzmat ugurly desgalary ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Watanymyzyň asudalygy, ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.