Döwleti jemgyýeti dolandyrmakdaky her bir başlangyç üstünliklere ýetmegiň badalgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalaryny ilerletmegiň esasy şerti möhüm başlangyçlar bilen hereketleri, işleri has çaltlandyrmakdyr. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maksatnamalaýyn ösüşiň her bir ugry boýunça zerur başlangyçlary öňe sürýär. Başlangyçlary netijeli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolsa döwletiň, jemgyýetiň mümkinçiliklerini, döwrüň talaplaryny, durmuşyň hakyky ýagdaýlaryny göz öňünde tutmakdan ybaratdyr. Hereket edýän döwlet we hususy düzümleriň işini kämilleşdirmekde yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Ähli ugurlardaky ösüş hereketleri kanunçylyk, hukuk taýdan esaslandyrylýar. Döwletiň dolandyryş we ýerine ýetiriji düzümlerine dünýäniň öňde baryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly köp işler durmuşa geçirilýär. Milli hünärmenleriň ösen ýurtlarda hünärlerini kämilleşdirmekleri we usulyýet tejribelerini öwrenmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Çünki dünýäde okgunly häsiýete eýe bolan ylmy-tehnologik täzeçillikler ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de kämilleşdirmek işini elmydama üns merkezinde saklamagy talap edýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm özgertmeler, taryhy ähmiýetli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny öz içine alýan ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilip hem-de düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda ýurdumyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2023-nji ýylda gazanylan durmuş-ykdysady ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan durnukly ösüşiň türkmen modeliniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak hem-de bu ugurda hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça kesgitläp beren anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, şu ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy we onda 2024-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, welaýatlar we Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek üçin kabul edilen “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, Milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek hem-de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek we ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, ýurdumyzda döwlete dahylsyz bölegiň ösüşini höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek ýaly ugurlar esasy maksatlaryň hatarynda ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, täze kabul edilen bir ýyllyk Maksatnama la¬ýyklyk¬da, 2024-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, ilatyň girdejilerini artdyrmak we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy pudagyň hem öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda özleşdirmek işleri alnyp baryljak 157 sany taslama boýunça jemi 1 milliard 567 million 711 müň manat möçberde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirildi. Taslamalaryň 101 sanysy oba hojalyk ugurly, 10 sanysy azyk senagaty ugurly, 30 sanysy et-süýt önümçiligi ugurly, 13 sanysy senagat ugurly, 1 sany ýol gurluşyk we 2 sanysy medeni-durmuş maksatly taslamalar bolup durýar. Şunda maýa goýumlaryň esasy bölegi “Aşgabat–Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Mary–Türkmenabat” böleginiň (1 milliard 400 million manat) gurluşygy boýunça göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky PB-690 belgili buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawynda göz öňünde tutulan 53 sany binanyň we desganyň 43 sanysynda türkmen telekeçileri tarapyndan olaryň ählisinde gurluşyk we degişli işler alnyp barylýar. Bu desgalaryň hem işe girizilmegi bilen, döwrebap önümçilikler, ösen hyzmatlar we ýüzlerçe-müňlerçe täze iş orunlary dörediler. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňüne tutulan möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagyna, pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň pugtalanmagyna, telekeçilik işjeňliginiň artmagyna we jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da özgermegine hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Biz hem, ýurdumyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähli agzalary bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” öňde goýlan wezipelerini, üstünlikli durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Watanymyzyň asudalygy, ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, bütin dünýä ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.