Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

TIRSEGINE GALAN BEÝIK AKYLDAR

Asuda-parahat diýarymyza “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň gelmegi bilen ýurdumyzda söz äleminiň ägirdi, weli, gündogaryň beýik danasy, halypa we ussat şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaralanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde diňe-bir ýurdumyz däl eýsem dünýä derejesinde hem bu dabaralara uly ähmiýet berilýär. Dabaralara beslenýän Diýarymyzda Gahryman Arkadagymzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhy, edebi, medeni baýlyklaryny täzeden öwrenmäge-de giň ýollar açyldy. Dünýä edebiýatynyň beýik akyldary, milli edebiýatymyzyň esasyny goýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilip geçilýändigi hem bu aýdylanlara anyk şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär. Hakykatdan hem Magtymguly Pyragynyň döredijilik ussatlygy türki halklarynyň ählisi üçin öçmejek nusga bolup durýar. Şahyryň döredijilik älemi düýpsiz ummana çalym edýär. Pyragynyň goşgularynyň her-bir setirinde çuňňur many, açylmadyk syr ýatyr. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, asyrlaryň jümmüşinden göz baş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Üç ýüz ýyla golaý mundan ozal döredilen eserler häzirki döwürde hem öz wajyplygyny we şahyrana ähmiýetini ýitirmeýär. Olar dünýä halklarynyň dillerine terjime edilip ähli halklaryň edebiýatşynaslaryny haýrana goýýar, kalplarda ajaýyp duýgulary oýarýar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy işlerde, makalalarda we çykyşlarda Pyragynyň garaşsyz döwletiň gurulmagyny arzuw edendigi, berkarar döwletlilige umyt baglandygy barada öwran-öwran aýdylýar. Bu günki gün Hormatly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallary, ajaýyp başarnygy, gujur-gaýratynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz jenneti mekana öwrüldi. Şeýle abadan, asuda, parahat diýarymyzda toýlar toýlara, baýramlar baýrama ulaşýar. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň her-bir güni uly ösüşlere beslenýär. Beýik işleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary M.Nowruzow