Sanly ykdysadyýete geçiş halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Şoňa göräde, häzirki döwürdeTürkmenistanda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi, zerur kanunçylyk özgertmeleriniň
amala aşyrylmagy, iri maýa goýumlaryň özleşdirilmegiykdysadyýetiňsanlylaşdyrylmagynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna şert döredýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär. Olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr.
Şunda sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bardyr. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi 2025nji ýyla çenli döwür üçin degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek esasynda alnyp barylýar. Bu Konsepsiýa döwlet maksatnamalary hemde geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar.
Sanly ulgama geçilmegi bu günki gün durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň wajyp şertidir.
Sanlytehnologiýalar bazary tutuş dünýäde okgunly ösýän hemde işewürligi ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biridir. Gündelik durmuşymyza innowasiontehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy zähmeti guramagyň usullaryny, bilim bermegiň we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan öňdebaryjy dünýätejribesini ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmegiň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Şunda diňe bir taýýar çözgütleriň hemde nouhaularyň importyna dälde, eýsem, özüniň ylmytehnologik we aň paýhas kuwwatyna daýanmak ýoly saýlanyp alyndy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem milli ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça berk esaslar döredildi. «Döwlet ylmytehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary innowasion ykdysadyýetiň kanunçylyk esaslaryny berkitmekde hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirýär.
2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «e.gov.tm» bir bitewi döwlet hyzmatlar hemde işler portaly işegirizilip, üstünlikli hereket edýär. Bu portal raýatlar we işewürlik üçin döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde ýerine ýetirmäge niýetlenen «Birpenjire» ulgamydyr. Onda aragatnaşyk, bilim, saglygy goraýyş, ulag logistika hem-de gümrük gullugy, jemagat hojalygy, pasport, iş üpjünçiligi, maliýe ulgamy, hukuk kömegi, ygtyýarnamalar we beýlekiler boýunça onlaýn hyzmatlayndan hemde ministrlikleriňdir pudaklaýyn olandyryş edaralarynyň web aýtlaryndan peýdalanmaga amatly mümkinçilik döredilendir.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň senagatyny innowasion häsiýetde ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat araganaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini ýokarlandyrmak, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk maksatlar kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet tarapyndan edilýän hyzmatlary (pasport, wiza, ygtyýarnamalar, ýer bölegini almagy resmileşdirmek, ýaşaýyş jaýjemagat hyzmatlary, arhiw maglumatlar we ş.m.) üpjün edýän ilatyň «Bir penjire» bitewi maglumat binýadyny döretmek, «Eksportimport amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini guramak we işe girizmek, elektron usulynda gümrük jarnamalaryny resmileşdirmek hemde döwlet we gümrük serhetlerinde gözegçilikden geçmegiň wagtyny azaltmak boýunça çäreleri durmuşa ornaşdyrmak, internet hyzmatlarynyň hilini hasda ýokarlandyrmak ýaly wezipeler kesgitlenýär. Sanly ulgama geçiş bilen baglanyşykly öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň döwrebap ösüşiniň gazanylmagyna hemde halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertleriniň mundan beýläkde gowulanmagyna ýardam eder.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy