Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

Telekeçilik ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan mähriban halkymyz joşgunly zähmet çekip, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly netijeleri gazanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň öňde barýan döwletleriniň hataryna goşmak, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dowamly ýokarlandyrmak babatynda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty gysga wagtyň içinde öz oňyn netijelerini görkezdi. Şunda milli ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy.

Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertler döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda «Rysgal» täjirçilik paýdarlar bankynyň döredilmegi bu ugurda ädilen ilkinji ädimlerdir. Milli Liderimiziň badalga bermegi bilen, ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçiligiň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsdeşligi hem güýçlendirdi. Türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde milli telekeçiligiň ösüşli ýollarynda baý iş tejribesini topladylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen binalaryň gurluşygyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde işeňňirlik görkezýärler.

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyny goldamak işleri döwrüň talabyna laýyk üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçiligiň sebitlerde ösdürilmegi strategik ýagdaý bolmak bilen, olaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär. Telekeçiligiň ykdysady netijeliligi onuň sebitleýin jemi içerki önüme goşandy, öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygy we ýokary hili boýunça kesgitlenýär.

Türkmenistany ösdürmekde telekeçiligiň ugurlaryny döretmekde, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, ösen ýurtlaryň iň abraýly öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda alnyp barylýan köpugurly işler özüniň oňyn netijelerini berýär. 2019 — 2025-nji ýyllarda telekeçiligi höweslendirmek boýunça uly işler üstünlikli ýerine ýetirildi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» üstünlikli berjaý edilmegi bilen bitirilen beýik işler bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi.

Türkmen telekeçileri binagärlik babatynda daşary ýurt firmalary bilen mynasyp bäsdeşlik edýärler. Muňa hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalary gurýandygy, gurluşykda öňdebaryjy tilsimatlar we innowasion tehnologiýalary batyrgaý ulanmagy başarýandygy doly güwä geçýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumyna, azyk we gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektrik enjamlarynyň önümçiligine, IT tehnologiýalaryna, söwda, syýahatçylyk, bilim, hyzmat ediş, ulag we logistika ulgamlaryna, senetçilige gatnaşýan agzalary has-da işjeňlik görkezýärler.

«Beýik bina» hususy kärhanasy we «Türkmen enjam» hojalyk birleşigi Bäherdendäki, şeýle-de Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça halkara bäsleşikleriň ýeňijileri boldular. Gurluşyk desgalaryny 2022-nji ýylyň dekabrynda doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Zawodlaryň her biriniň meýilleşdirilýän kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk birleşigi «Smart TV» platformaly we özünde oturdylan «IP-tuneriň» «4 K Ultra HD» telewizorlarynyň önümçiligini özleşdirdi, ol önümler eýýäm ýerli bazarlara çykaryldy.

Telekeçilik Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda barha möhüm orun tutýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli taslamalar boýunça halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny we merkezlerini açýarlar. Bilşimiz ýaly, 2016-njy ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanasy açyldy. Bu birleşigiň wekilhanasy Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda hem hereket edýär. Ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleriniň köp bölegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda merkezleriniň üsti bilen ýerlenilýär. 2016-njy ýylda şeýle merkez Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sinin şäherinde açyldy. 

Bazar ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmekde zerur şert bolup durýar. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öz gezeginde öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlaryny önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär.

Arkadagly döwrüň her bir gününiň taryhy wakalara beslenmegi bagtyýarlykdan alamatdyr. Halkymyzyň şeýle bagtyýar günleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni