Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  azyk syýasaty –  halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  azyk syýasaty –  halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna”atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz kuwwatlanyp, ak bazarlarymyzda hem-de söwda nokatlarynda ýylyň islendik paslynda ter gök we miwe önümleriniň bolçulygy gözüňi dokundyrýandygy barada we muňa daýhanlarymyz bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän  türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşandy bardygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, milli telekeçilerimiz ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek baradaky başlangyçlardan ruhlanyp, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezmek bilen milli ykdysadyýetimize uly goşant goşýandyklary barada gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda onda çykyş edenler milli ykdysadyýetimizi we azyk senagatymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hem mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP