Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Türkmenistan – Türkiýe: özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda “Türkmenistan – Türkiýe: özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary” atly maslahat geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe respublikasyna resmi sapary we öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmak bilen, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelini  hasaba almak arkaly özara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, has netijeli we döwrüň talap edýän görnüşlerini, gurallaryny gözlemek hem-de durmuşa geçirmek esasynda onuň üstüni ýetirmek işinde-de wajyp ähmiýete eýedir.

Türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryna, uly tutumlaryna hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

TSTP