Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Parahatçylyk, ynanyşmak we netijeli halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň binasynyň mejlisler jaýynda “Parahatçylyk, ynanyşmak we netijeli halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasaty netijesinde berkarar Diýarymyzyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýakynda daşary ýurtlara amala aşyran iş  saparlary barada gürrüň etdiler. Şeýle hem bu saparlaryň diňe döwletleriň arasyndaky syýasy ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine täsir etmän eýsem, halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik ýaly gatnaşyklaryň ýokarlanmagyna täsir etýändigi barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy dünýäde parahatçylygy ýaýratýan, ajaýyp hoşniýetli ýurt hökmünde tanadan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP