Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Magtymguly: ylym-bilimiň jemgyýetdäki orny dogrusynda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda ylym-bilim derejesi ýokary, giň dünýägaraýyşly, aň – düşünjesi ösen ýaşlary terbiýelemek işine gatnaşmak maksady bilen, “Magtymguly: ylym-bilimiň jemgyýetdäki orny dogrusynda” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýam Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar.Ýaşlaryň ylymly sowatly bolmalydygy barada  beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularynda hem  giňden beýan edilýär. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýär ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Watansöýüjiligi hemişelik hemra edinip, dost-doganlyk ýörelgelerine hormat-sarpa goýýan ýaş nesillerimiziň halkara hil ülňülerine laýyk bilim almaklary, gözýetimi giň, hemmetaraplaýyn bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredýän bilim özgertmeleriniň döredijilikli çemeleşilmek arkaly ýokary işjeň ýagdaýynda dowam etdirilýändigi guwandyryjydyr. 

Bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, sowatly, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, ynsanperwer we hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP