Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Mukaddes ynam wepaly nesil

2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Mukaddes ynam wepaly nesil” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar dürli ajaýyplyklara beslenýän Berkarar döwletimiziň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, işeňňir, zähmetsöýer, watanyny, halkyny söýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde dürli hereketleriň edilýändigi barada belläp geçdiler.Maslahatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda bu döwlet syýasaty has-da ýokary derejeli we giň gerimli alnyp barylýandygy barada gürrüň edildi. Şeýle hem ýaşlaryň döwletimiz üçin arman-ýadaman zähmet çekip bilmeklerini üpjün etmek maksady bilen ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler, ösüşler, wagyz nesihat duşuşyklary we ýaşlaryň arasyndaky dürli bäsleşikleriň ähmiýeti barada nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň daýanjy, Ata Watanymyzyň, halkymyzyň guwanjy, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni saýylýan ylymly-bilimli nesil hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP