Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Garaşsyzlyk buýsanjym

2023-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de “Bagtyýar nesil” hususy kärhanasynyň okuw merkeziniň bilelikde gurnamaklygynda Garaşsyzlygymyzy wasp etmek boýunça  mekdep okuwçylarynyň arasynda “Garaşsyzlyk buýsanjym” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde zehinli ýaşlar bilimiň dürli ugurlary boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertleri Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri dürli şygyrlaryň üsti bilen wasp etmek, labyzly okamak, Garaşsyzlygyň tarypyny ýetirýän düzmeleri ýazmak we çeper surat çekmek ugurlary boýunça boldy. Bäsleşik örän dartgynly ýagdaýda geçmek bilen bir birinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdym sazly çykyşlary hem baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda öňe saýlanan ýaşlara, ýagny ýeňijilere höweslendiriji sowgatlar we bilim derejesini tassyklaýan şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

TSTP