2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Daşoguz welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Daşoguzyň “Gurbansoltan eje” adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, halypa mugallymlary hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda saglyk ulgamynda alynyp barylýan işler barada buýsançly bellemek bilen, aýratyn hem işlemek üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada durup geçdiler. Şeýle hem Lukmançylyk bilen hususy ulgamyň baglanşygy, we telekeçileriň bu pudagyň ösüşine ýetirýän oňyn täsirleri barada aýdylyp geçildi. Ýagny Döwrebap täze hassahanalaryň, öňüni alyş we anyklaýyş merkezleriň türkmen hususyýetçileri tarapyndan ussatlyk bilen gurulýandygyny hem-de ol binalaryň döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýdyp geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar ähli ösüşlerimiziň sakasynda durýan, adam hakyndaky aladany ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman hem Lukman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän uly mümkinçilikler üçin özleriniň çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP