Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Ýaşulylar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäher komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Ýaşulylar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräniň başynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň täsiriniň ýüreklerimizde ýaşaýan günlerinde Ýaşulularyň halkara gününiň ýakymy juda ajap duýgulary oýarýandygy, 1-nji oktýabrda tutuş Ýer ýüzi bilen bilelikde bu baýramy bizem uludan bellemegimiziň, bu güne milli senenamamyzdan aýratyn orun berilmeginiň ýurdumyzda ýaşuly nesle belent sarpa goýulýandygynyň bir güwäsidigini hakda belläp geçdiler. Şeýle hem, biziň ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýandygy, iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň mirasyna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda asylly görelde görkezýän ata-enelerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygy dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler Çäräniň dowamynda ajaýyp zamanamyzy we Berkarar döwletimizi hem-de uly hormata eýe bolan nurana enelerimizi we atalarymyzy, olaryň ahlak we edep terbiýe mekdebini wasp edýän şekilli aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň abraýynyň arşa göterilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.

TSTP