Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli bitewiligiň we ynsanperwerligiň kepili

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milli bitewiligiň we ynsanperwerligiň kepili” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni şöhratly wakalara, taryhy senelere beslenýändigi barada belläp, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan parasatly milli däplerden ugur alnyp, ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmek boýunça halk bähbitli işler yzygiderli durmuşa geçirilýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP